Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlarynyň koalisiýasy Merkezi Aziýada adam gynalmagynyň bes edilmegine çagyrýar


TW tobasyna çykarylan tussaglar. Arhiw suraty
TW tobasyna çykarylan tussaglar. Arhiw suraty

Adam hukuklaryny goraýjylar 26-njy iýunda, gynag pidalaryna goldaw üçin bellenilýän halkara gününe gabat, Merkezi Aziýanyň hökümetlerini gynamalaryň soňuna çykmak boýunça tagallalaryny diňe kagyz ýüzünde däl, eýsem iş ýüzünde-de güýçlendirmäge çagyrdylar.

Sebitiň adam hukuklary guramalarynyň koalisiýasy, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda adam gynamalaryna garşy göreşýän koalisiýa, Merkezi Aziýadaky Adam hukuklary assosiasiýasy ( Özbegistan, Fransiýada ýerleşýär), Adam hukuklary baradaky Türkmen inisiatiwasy (Türkmenistan, Awstriýada ýerleşýär) Helsinki Adam hukuklary gaznasy (Polşa) we Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk guramalary bilelikde beýanat çap etdi.

Olar merkezi aziýa ýurtlarynda uzak wagt bäri saklanyp galýan adam gynamalarynyň bes edilmegi boýunça ýene bir gezek çagyryş etdiler.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýanyň jemgyýetçilik guramalarynyň koalisiýasy 2019-njy ýylda gynamalara we hökümet işgärleriniň sütem etmegine degişli aýyplamalar bilen baglanyşykly 205 sany täze işi hasaba aldy.

“Ýerli we halkara adam hukuklary toparlary gynamalar meselesine köp ýyl bäri ünsi çekip, düýpli netijeleri gazandylar. Raýat jemgyýeti toparlary ýüzlerçe pidanyň adalat ugrundaky göreşine goldaw berdi, syýasy tekliplerini taýýarlady, milli kanun çykaryjylar bilen gepleşik geçirmäge synanyşdy we halkara derejesinde üýtgeşmeleri goldady” diýip, beýanatda aýdylýar.

Olaryň tassyklamagyna görä, bu tagallalar netijesinde Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda onlarça pida adalatyň dabaralanmagyny gazandy, jogapkärler jezalandyryldy.

Emma türkmen häkimiýetleri halkara guramalarynyň raýatlaryň gynalmagynyň bes edilmegi baradaky talaplaryna baş galdyrmaýar, türkmen telewideniýesinde aglap, özüni näletleýän adamlary görkezmek bilen, ýurduň esasy kanunyny göz edip bozmagyny dowam etdirýär.

“Adam öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez. Psihiki ýa-da fıziki zorluk ulanmak, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur” diýip, Türkmenistanyň Baş kanunynyň 45-nji maddasyna aýdylýar.

Soňky otuz ýylda türkmen türmesinden geçen adamlaryň başdan geçiren tejribelerine görä, Türkmenistanda adam gynamak, gorkuzmak, psihiki basyş etmek, aýyplanýanlary üstüne ýüklenen günäleri bölekleýin ýa doly boýun alýança aç-suwsuz saklamak adaty bir zat bolmagynda galýar, jeza, kanun guramalarynyň işgärleriniň üstünden edilen şikaýatlar köplenç derňelmeýär.

XS
SM
MD
LG