Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farabyň we Çärjewiň ýaşaýjylary tupandan soňky haýal dikeldişden şikaýat etdi, prezident etrap häkimlerine käýinç berdi


Tupanyň netijeleri. Türkmenabat. Maý, 2020 ý.

Türkmenistanyň prezidenti golaýda welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda Lebap welaýatynyň Farap, Çärjew hem-de Döwletli etrabynyň häkimlerine, şeýle-de Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimine “berk käýinç” yglan etdi.

23-nji iýunda geçiren iş maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow Farabyň häkimi Hasan Metkulyýewe, Çärjewiň häkimi Jumanazar Maşaripowa, Döwletli etrabynyň häkimi Batyr Gylyjowa hem-de Esengulynyň häkimi Annaguly Esenowa "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" "berk käýinç" yglan etdi.

Prezidentiň Farap we Çärjew etraplarynyň häkimlerine beren käýinji bu etraplaryň ýaşaýjylarynyň apreliň ahyrynda turan harasatdan soňky dikeldiş işleriniň haýal alnyp barylýandygy barada prezidente iberen şikaýat hatlarynyň yzýanyna gabat geldi. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy anonim şertlerde 28-nji iýunda habar berdi.

Ýerli ýaşaýjylar prezidente iberen hatlarynda bu regionlarda heniz hem agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň hem-de aragatnaşygyň doly ýola goýulmandygyny, bu meseleler boýunça häkimiň etrap ýaşaýjylaryna ýardam bermeýändigini aýdyp, şikaýat edipdirler.

Ýatlasak, 27-nji aprelde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde güýçli tupan turdy. Onuň netijesinde Lebap we Mary welaýatlarynda onlarça adam heläk boldy hem-de ýerli ilatyň durmuş üpjünçiligine agyr zyýan ýetdi.

Habarçymyz Farap we Çärjew etraplarynyň häkimlerine berlen käýinçleriň bu regionlarda harasatdan soň alnyp barylýan dikeldiş işleriniň haýaldygy bilen ilteşiklidigini aýdýar.

“Ençeme faraply ýaşaýjy harasatyň yzda galdyran zir-zibillerini aýyrmak üçin tehnika sorap, häkimden eden ýönekeý haýyşlarynyň hem kanagatlandyrylmandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Farap etrabynyň häkimliginden kommentariýa alyp bilmeýär.

Resmi metbugat 23-nji iýunda geçirilen maslahatda prezidentiň Farap, Çärjew hem-de Döwletli etraplarynyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan guramaçylyk işleriniň pesdigine üns çekendigini habar berýär.

Güýçli harasatyň oba hojalyk ekinlerine ýetiren zyýany döwlet metbugatynda agzalmaýar, ýöne mundan ozal 20-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebapda onlarça müň gektar bugdaýyň we gök ekinleriň harasatyň netijesinde doly zaýalanandygyny habar berdiler. Şol bir wagtda, habarçylarymyz welaýatda harasatdan soň, onlarça müň gektar gowaçanyň hem sökülip, täzeden ekilendigini habar berdi.

Galyberse-de, maýyň başlarynda habarçylarymyz welaýatyň ekin meýdanlaryna mör-möjekleriň, çekirtgeleriň zyýan ýetirýändigini habar berdiler.

Faraply we çärjewli ýaşaýjylaryň arza-şikaýat hatlary we olaryň yzýany etrap häkimlerine berlen käýinje syn beren ýerli çeşme Türkmenistanda etrap häkimleriniň ygtyýarynyň berk çäklidigini, ähli meseleleriň Aşgabatdan çözülýändigini, dolandyryşyň merkezleşdirilendigini gürrüň berdi. “Häkimleriň wezipe ygtyýarlygy ýok, olaryň hatda öz şofýorlaryna-da güýji ýetmeýär. Hemme zat Aşgabatdan çözülýär” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Dört etrabyň häkimine yglan edilen berk käýinç resmi habarda olaryň “wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi hem-de işde goýberen kemçilikleri” bilen esaslandyryldy, kemçilikler aýdyňlaşdyrylmady hem-de tupandan soňky dikeldişiň käýinçler bilen mümkin bolsan ilteşigi agzalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG