Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda onlarça müň gektarlyk gowaça, bugdaý we gök ekinler harasatyň netijesinde zaýalandy


Illýustrasiýa suraty.

Apreliň ahyrynda Lebap we Mary welaýatlaryna gelen güýçli harasat ýurduň gündogar sebitlerinde ekerançylyga uly zarba urdy. Onlarça müň gektarlyk bugdaý hem-de gowaça meýdanlary zaýa bolan kärendeçi daýhanlar olary söküp, täzeden ekişe girişýär. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy gizlinlik şertlerinde 20-nji maýda habar berdi.

Onuň kärendeçi daýhanlara salgylanyp habar bermegine görä, Saýat etrabynyň “Ýeňiş”, “Bereketli”, “Tejribeçiler” daýhan birleşiklerinde hem-de welaýatyň başga-da ençeme daýhan birleşiklerinde onlarça müň gektar pagta ýagyş we harasatdan soň sökülip, täzeden ekilip başlandy, onlarça müň gektar bugdaý doly zaýalandy.

Habarçynyň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri tebigy apatyň ýetiren zyýanynyň öwezini kärendeçi daýhanlara töletmäge synanyşýar.

Tutuş Türkmenistan boýunça bu ýyl 620 müň gektara golaý meýdan gowaça ekişi üçin bölünip berildi. Lebaply pagtaçylaryň öňünde döwlet harmanyna 320 müň tonna pagta tabşyrmak wezipesi goýuldy.

2020-nji ýylyň hasyly üçin geçen ýylyň güýzünde ýurt boýunça 690 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Lebap welaýatynyň galla meýdanlaryndan 310 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak planlaşdyryldy.

Mundan ozal, kärendeçi daýhanlar sebitde güýzlük bugdaýyň giç ekilmeginden şikaýat etdiler.

“Bu sebitlerde gök bakja eken daýhanlar hem uly ýitgi çekdi” diýip, habarçymyz soňky maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Lebap welaýatynda gök ekinleriň hatarynda, ýerli “Türkmen gündogary” neşiriniň 4-nji maýda habar bermegine görä, 2 müň gektar ýere döwlet tabşyrygy esasynda ýeralmasy ekildi.

Kärendeçi daýhanlar bilen bir hatarda hususy daýhan hojalyklary hem harasatdan agyr zyýan çekendiklerini aýdýarlar.

Öz şahsy serişdeleriniň hasabyna 50 gektar ýere ýeralmasyny we pomidor eken lebaply daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna atlandyrylmazlyk şertinde beren gürrüňinde uly zyýana galandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri, ýerli häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý sebäpli kärendeçi daýhanlara kömek bermeýär. Bu barada ne resmi metbugat, ne-de ýarym resmi hökümetçi neşirler habar berýärler.

“Daýhanlar indi ýene giç ýetişýän ekin ekip, çekilen zyýanyň öwezini dolmak üçin çykalga gözleýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berdi.

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda 27-nji aprel güni agyr harasat gopdy. Güýçli öwsen ýeliň yzýany maýyň başlarynda Lebaba sil geldi. Adam pidalaryna getiren heläkçilikli harasat we onuň netijeleri, ýerli ilata berilýän ýardamlar barada Türkmenistanyň hökümeti üç hepdeden gowrak wagt bäri resmi dymyşlygy saklap gelýär, döwlet metbugaty bu güýçli howa hadysalary barada dil ýarmaýar.

Galyberse-de, Lebaba gelen harasatyň yzýany Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatyň ekin meýdanlaryna mör-möjekleriň, çöl çekirtgeleriniň howp abandyrandygyny habar berdi.

6-njy maýda habarçymyz Kerki etrabynyň “Çekir”, “Daşlyk”, “Mukrý” we “Lebap” daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryna, ýetişip oturan bugdaýlara, ýeralmalaryna we baglara çekirtgeleriň we mör-möjekleriň uly zyýan ýetirendigini habar berdi.

"Soňky birnäçe günüň dowamynda ortaça 35 müň gektar ekin meýdany zaýalandy" diýip, lebaply bir daýhan şonda habarçymyza anonim şertlerde gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG