Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Gökdepede ‘akgoýun toý’ sadakasyny berdi, Marynyň baş metjidinde TW üçin ýazgy edildi


Gökdepe metjidi
Gökdepe metjidi

27-nji iýunda Marynyň baş metjidinde prezident Berdimuhamedowyň "pygamber ýaşyna" bagyşlanyp, ýaşulylaryň aýat-töwir okamak çäresi geçirildi.

Bu çäre prezidentiň 29-njy iýunda belleýän doglan gününe gabatlanyp, döwlet telewideniýesinde efire bermek üçin öňünden ýazgy etmek maksady bilen geçirildi, diýip Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy 29-njy iýunda habar berdi.

“Metjitde 27-nji iýunda ýaşulylary ýygnap, olara aýat-töwir etdirip, wideo ýazgy düşürdiler. Bu ýazgy 29-njy iýunda prezidentiň doglan gününe bagyşlanyp düşürildi” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, prezidentiň doglan güni polisiýa işgärleri şäherde tertip-düzgüni goramak işlerini ak eşikde – baýramçylyk eşiginde ýerine ýetirdi.

Türkmenistanda prezident Berdimuhamedowyň doglan güni tas döwlet baýramçylygy derejesinde bellenip geçilýär.

Döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Watan” habarlar gepleşigi 29-njy iýunda 2 sagada golaý dowam edip, onuň 1,5 sagatdan gowragy prezidentiň 63 ýaş – “akgoýun toýuna” bagyşlandy.

Türkmen halkynyň arasynda 63 ýaş "pygamber ýaş" atlandyrylyp, bu mynasybetli milli däp-dessurlara laýyklykda "akgoýun toý" sadakasy berilýär.

29-njy iýunda Ministrler Kabinetiniň Döwlet howpsuzlyk geňeşi bilen bilelikde geçiren ýygnagynda döwlet adamlary prezidente onuň “pygamber ýaşynyň” dolmagy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar. Onuň yzýany, Berdimuhamedow Gökdepäniň metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Ahal welaýatynyň ymamy aýat-töwir okap, döwlet telewideniýesinde eşitdirilişi ýaly, olary ata-babalaryň ruhuna, “hususan-da Gökdepe galasynda watan üçin, din üçin, ar-namys üçin, şirin janlaryny pida eden gerçekleriň” ruhuna bagyş etdi we prezidente jan-saglyk arzuw etdi.

Döwlet mediasyna görä, şu wagta çenli prezidenti doglan güni mynasybetli Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri, hem-de beýleki GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlary gutlady.

Galyberse-de, “Watan” habarlar gepleşiginde prezidentiň ýaş toýuna bagyşlanyp geçirilen aýdym-sazly konsert hem-de onuň soňunda prezidentiň Täze ýyl baýramçylygynda ýerine ýetiren “Arzuwym” atly aýdymy tomaşaçylara ýetirildi.

Beýleki tarapdan, Berdimuhamedowyň akgoýun toý sadakasyna daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň onuň režimine bildirýän protest çäreleri kölege salýar.

Prezidentiň doglan gününiň öňüsyrasynda 26-njy iýunda Stambulda onlarça türkmenistanly, 28-nji iýunda Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňünde ABŞ-da ýaşaýan aktiwistler we migrantlar Berdimuhamedowyň režimine garşy protest çärelerini geçirdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurtdaky syýasy we ykdysady şertlerden şikaýat edip, Berdimuhamedowy işden çekilmäge çagyrdylar.

Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy prezidentiň doglan güni şähere çykyp, resmi taýdan baýramçylyk lybasyna bürelen çärelere halkyň bildirýän reaksiýasyny öwrendi.

“Adamlar gaýgyly” diýip, habarçy aýtdy. Ol prezidentiň doglan gününe bagyşlanyp, geçirilýän baýramçylyklar barada pikir sorap, gürrüňdeş bolan ençeme söhbetdeşinden şol bir jogaby aldy:

“Öýde çörek gaýgy. Çörek tapan günümiz biziň hojalygymyzda baýramçylyk. Hususy dükanlarda çörek bar, emma pul ýok” diýip, olar aýtdy.

Bu aralykda, 29-njy iýunda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi ýurt boýunça bugdaý plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigini, döwlet ammaryna 1 million 400 müňden gowrak gallanyň tabşyrylandygyny habar berdi.

Azatlygyň habarçysynyň gürrüňdeş bolan ýaşaýjylary çörek ýetmezçiliginden şikaýat edýän wagty, döwlet baştutany bugdaýa bagyşlap, özüniň düzendigini aýdýan “Bugdaý” atly goşgusyny 29-njy iýunda hökümet mejlisinde ýerine ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG