Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kongyň milli howpsuzlygy baradaky kanuny güýje girdi


Hong Kongda polisiýa milli howpsuzlygy baradaky kanuna garşy çykýan protestçileri dargadýar.
Hong Kongda polisiýa milli howpsuzlygy baradaky kanuna garşy çykýan protestçileri dargadýar.

Hong Kongda bölünişik, agdarylyşyk we terrorçylyk boýunça aýyplanýanlara ömürlik türme tussaglyk temmisini hem göz öňünde tutýan milli howpsuzlyk kanuny 1-nji iýulda güýje girdi. Birleşen Ştatlar muny Hytaýdaky erkinlik üçin “gamgyn bir gün” boldy diýip häsiýetlendirdi.

Täze kanunyň güýje girmeginden soň, Hong Kongda polisiýa garaşsyzlygy goldap baýdagy göterip duran bir adamy tussag etdi.

Mundan başga-da, resmiler 1997-nji ýylyň 1-nji iýulynda Britaniýanyň Hong Kongy Hytaýa geçirmegi mynasybetli her ýyl geçirilýän demokratik ýörişi hem ilkinji gezek gadagan etdiler.

Emma demokratik gymmatlyklaryň tarapynda çykyş edýän aktiwistler ýöriş geçirip, protestleri gadagan edýän kanuna garşy çykjakdyklaryny aýtdylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) 30-njy iýunda çykyş edip, Hytaýyň kanuny kabul etmegine garşy jogap çäreleriniň görüljekdigini duýdurdy.

Ýewropa Bileleşigi hem bu kanuny tankytlap, munuň Hong Konguň awtonomiýasyny çäklendirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG