Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG koronawirusyň ýaýramagy barada täze duýduryş ýaýratdy, ABŞ-da ştatlar çäklendirmeleri gowşatmagy yza çekýär


Illýustrasiýa suraty

Bütindünýä Saglyk Guramasy koronawirus pandemiýasynyň ozalkysyndan has çalt ýaýraýandygyny aýdyp, berk duýduryş ýaýratdy, ABŞ-da 1-nji iýulda koronawirus näsaglarynyň gündelik sany ilkinji gezek 50 müň adamdan aşdy.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatlary geçen hepde global ýokançlyklaryň iň ýokary derejä ýetendigini, her gün täze 160 müň koronawirus näsagynyň hasaba alynýandygyny görkezdi.

Jons Hopkins uniwersitetiniň sanlaryna görä, 1-nji iýulda diňe Birleşen Ştatlaryň özünde 52 müňden gowrak täze ýokaşma hasaba alyndy.

Sanlaryň artmagy ABŞ resmilerini, 4-nji iýul – baýramçylyk gününiň öňýany, restoranlaryň, barlaryň we plýažlaryň açylmagyna rugsat berýän buýruklary yza çekmäge mejbur etdi. Wirusyň öňüni alan ýaly bolup görnen käbir ştatlar çäklendirmeleri ýa yzyna dolady ýa-da olary gowşatmak planlaryny duruzdy.

Jons Hopkins uniwersitetiniň sanlaryna görä, 1-nji iýulda Birleşen Ştatlarda ýene 700 adam koronawirusdan heläk boldy, ýurt boýunça kesel tassyk bolan 2,7 million töweregi adamdan 128 müňden gowrak näsag aradan çykdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG