Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň prezidentlik saýlawlarynda ses berişligiň öňýany BMG raýat jemgyýetine edilýän ‘basyşy’ bes etmäge çagyrdy


Belarusyň polisiýasy Alýaksandr Lukanşenkanyň awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndaky garşydaşyna goldaw bildiren protestçini tussag edýär. 19-njy iýun, 2020-nji ýyl. Minsk. Belarus.
Belarusyň polisiýasy Alýaksandr Lukanşenkanyň awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndaky garşydaşyna goldaw bildiren protestçini tussag edýär. 19-njy iýun, 2020-nji ýyl. Minsk. Belarus.

Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenleri 9-njy awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýany Belarus hökümetini onuň syýasy aktiwistleriň, hukuk goraýjylaryň, žurnalistleriň we bloggerleriň garşysyna alyp barýan “eden-etdilikli tussag etmeler, zorluk we gorkuzmak syýasatyndan” el çekmäge çagyrdy.

Garaşsyz bilermenler 1-nji iýulda çap eden beýanatynda Belarusda geçirilen demonstrasiýalarda 18-nji iýundan bäri tutuş ýurt boýunça raýat jemgyýetiniň azyndan 200 wekiliniň tussag edilendigini aýtdy

Parahatçylykly demonstrasiýalar maý aýyndan bäri tussag edilen we öňümizdäki saýlawlara dalaşgär hödürlemek üçin gol ýygnamak ýa-da gol çekmek hukugyndan peýdalanan 500 töweregi aktiwiste raýdaşlyk bildirmegi maksat edinýär diýip, beýanatda aýdylýar.

Bilermenler özleriniň esasy hukuklaryndan, şol sanda ýygnanyşmak hukugyndan, pikir we beýan azatlygyndan parahatçylykly peýdalanýan raýat jemgyýetiniň agzalaryny hökümetiň dowamly köpçülikleýin tussag etmek syýasatyny berk ýazgarýandyklaryny aýtdylar. Hususan-da, olar belarus häkimiýetlerinden olaryň parahatçylykly protestçilere, şeýle-de demonstrasiýalar barada habar berýän žurnalistlere edýän basyşlaryny derhal bes etmegi talap etdiler.

XS
SM
MD
LG