Demirgazyk Eýranda 2 million töweregi etniki türkmen ýaşaýar. Olar Eýran režiminiň basyşlaryna garamazdan, türkmeniň ýaşaýyş medeniýetini, däp-dessuryny, dilini we ynanç-ygtykadyny saklap galmaga ürç edýärler.
Türkmenistan bilen Eýran, iki ýurduň resmi beýnatlaryndan mälim bolşuna görä, dost-doganlyga esaslanýan özara bähbitli goňşuçylyk gatnaşygyny saklap gelýär. Ýöne Eýranda ýaşaýan etniki türkmenler täze doglan çagalaryna türkmen atlaryny dakmak, ýurtda öz ene dillerini resmi aragatnaşyk guraly hökmünde ykrar etdirmek ýaly medeni çäklendirmelere duçar bolup gelýär.
Eýranyň paýtagty Tähranda Türkmenistanyň ilçihanasy bar, ýöne Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlara görä, Demirgazyk Eýranda küren tutan etniki türkmenler öz ýaşaýan sebitlerinde Türkmenistanyň konsulhana açmagyny, olar Türkmenistanda ýaşaýan süňk hossarlary bilen gelim-gidimiň ýola goýulmagyny, iki ýurduň arasynda etniki türkmenler üçin wiza düzgüniniň ýeňilleşdirilmegini, Eýranyň Demirgazyk sebitleri bilen Türkmenistanyň söwda gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrmagyny isleýärler.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň konsullyk aladalary barada dünýä türkmenlerine giňişleýin gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.