Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda dollaryň gymmatlamagy azyk nyrhlarynyň ýokarlanmagyna getirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň gymmatlamagy azyk harytlarynyň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna getirdi. Munuň bilen bir wagtda, welaýatyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygy dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän baýramalyly habarçysynyň tassyklamagyna görä, 6-njy iýulda Mary şäherinde "gara bazar" söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 24 manatdan satyn alýarlar we 24 manat 40 teňňeden satýarlar.

"Geçen hepde gara bazarda 1 dollar 23 manat 60 teňňeden satyn alnyp, 23 manat 80 teňňeden satylýardy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursuny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manat möçberinde saklap gelýär.

Habarçynyň sözüne görä, dollaryň "gara bazardaky" nyrhynyň ýokarlanmagynyň yzýany, bazarlarda we hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bahasy hem gymmatlady.

"Bazarlarda etiň 1 kilogramynyň nyrhy 42 manatdan, dürli görnüşdäki makaronlar 11-20 manatdan, sarymsak 50 manatdan, greçka 22 manatdan, merjimek 30 manatdan, günebakar ýagy 30-40 manatdan we 1,5 litr pagta ýagy 40 manatdan bahalanýar. Her harydyň bahasy azyndan 1-5 manat gymmatlady" diýip, habarçy aýtdy.

Azyk söwdagärleri harytlaryň aglabasynyň daşary ýurtlardan import edilýändigini aýdyp, gymmatlamanyň sebäplerini dollaryň "gara bazardaky" nyrhynyň ýokarlanmagy we pandemiýa sebäpli ýollaryň ýapylmagy bilen düşündirýärler.

"Söwdagärler portuň üsti bilen getirilýän harytlary özleriniň hem gymmat nyrhdan satyn alýandygyny aýdýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Welaýatda dollaryň "gara bazardaky" bahasynyň gymmatlap, bazarlarda azyk önümleriniň nyrhlarynyň ýokarlanan mahaly, döwlet dükanlarynda gyt harytlaryň ýetmezçiligi saklanyp galýar.

"Döwlet dükanlarynda ýumurtga, çörek, un, günebakar ýagy we şeker ýaly harytlar hemişe tapdyrmaýar. Ilat ony çäkli möçberde çäkli günlerde satyn alyp bilýär. Şeýle-de, ilat bu harytlaryň ýany bilen sok, köke, makaron we şuňa meňzeş önümleri hem satyn almaga mejbur edilýär. Üstesine-de, şu günler döwlet dükanlarynda hiç hili pagta ýagy satylmaýar" diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy welaýatyň Garagum etrabynyň "Ak meýdan" geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň hökümet tarapyndan döwlet dükanlarynda satylmaly harytlaryň satuwa çykarylmazlygyndan şikaýat edýändigini hem belledi.

"Ýaşaýjylar 3 aýa golaý wagt bäri döwlet dükanlarynda hiç hili ýag satylmaýandygyny aýdýarlar. Ilata çörek, ýumurtga we şeker ýaly harytlar hem asla satylmaýar. Gelýän unuň hili gaty pes, gara reňkde we tagamy ajymtyk. Kähalatlarda unuň ýakymsyz ysy bolýar" diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp aýtdy.

Şol bir wagtda-da, habarçy döwlet dükanlarynda satylmaýan pagta ýagynyň hususy dükanlaryň käbirinde gizlin satylýandygyny, onuň 1,5 litriniň 36-40 manat aralygynda bahalanýandygyny belleýär. Döwlet dükanlarynda pagta ýagynyň 1,5 litri 9 manatdan satuwa çykarylmaly.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Mary welaýat we Garagum etrap häkimliklerinden, şeýle-de "Ak meýdan" geňeşliginden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Soňky aýlarda bu kynçylyklaryň has-da ýitileşmeginiň arasynda, ilat köpçüliginiň döwlet dükanlaryndan azyk satyn almagy we bankomatlardan aýlyklaryny nagtlaşdyrmagy has-da kynlaşdy. Munuň bilen bir wagtda, ýurt raýatlary bazarlarda azyk hem-de senagat harytlarynyň gymmatlamagyny başdan geçirýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklar, munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada hiç zat aýtman gelýärler.

3-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ösüş sanlaryny berip, ykdysadyýet ministrini işden boşatdy.

XS
SM
MD
LG