Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlar aradan aýryldy, ýöne söwda etmek üçin hökman tüwi satyn almaly


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň iýmit önümleri satylýan döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlaryň aradan aýrylandygyny, şeýle-de harytlaryň hem nagt, hem-de nagt däl görnüşde elýeterlidigini 16-njy iýunda habar berdi.

Ýöne bir mesele heniz hem saklanyp galýar – döwlet dükanlarynyň hyrydarlary öz satyn alýan iýmit önümleriniň gapdalyndan tüwi satyn almaga mejbur edilýärler.

“Döwlet dükanlarynda tüwi we beýleki iýmit önümleri nobatsyz satylýar. Häzirki wagtda [satyjylar] nagt söwdany oňlaýarlar, ýöne nagt däl söwdany hem kabul edýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýöne onuň sözlerine görä, isleg bildirilýän iýmit önümleriniň gapdalyndan tüwi satyn almak talap edilýär.

Döwlet dükanlarynda mejbury satylýan tüwiniň 1 kilogramy 14-15 manatdan bahalanýar.

Habarçymyz söwda pudagyndaky anonim çeşmelerine salgylanyp, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň tüwiniň 1 kilogramyny daşoguzly daýhanlardan 3 manatdan lomaý satyn alandygyny habar berdi.

Hususan-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda kärendeçi daýhanlar döwlet tabşyrygy esasynda şaly ösdürip ýetişdirýärler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda tüwiniň döwlet satyn alyş nyrhy barada maglumat berilmeýär.

Azatlygyň habarçysy bir döwlet dükanynda paýtagtyň ýaşaýjysynyň mejbury satyn alynmaly tüwi barada dükan satyjylaryna şikaýat edendigini, ýöne satyjynyň şeýle talaba özleriniň hem mejbury boýun bolýandyklaryny aýdandygyny gürrüň berdi.

Mundan ozal, habarçymyz Aşgabadyň döwlet dükanlarynda alyjylaryň satyn alýan harytlarynyň gapdalyndan olaryň tüwi satyn almaga mejbur edilýändiklerini 1-nji iýunda habar beripdi.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak bäri ýiti ykdysady krizisi başdan geçirip gelýär. Ýurduň dürli regionlarynda iýmit önümleriniň döwlet dükanlaryndaky söwdasy barha kynlaşýar.

Turkmen.news neşiri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we Balkanabat şäherinde döwlet dükanlarynda azyk harytlaryny kartlar ýa-da kartoçkalar​ boýunça satyn almak düzgüniň girizilendigini degişlilikde 10-njy iýunda we 11-nji maýda habar berdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, azyk kartoçkalary adaty mekdep depderçesi görnüşinde bolup, onuň içine maşgala düzümi barada Öý dolandyryş edarasyndan alnan resminama berkidilýär. Onuň indiki sahypasynda bolsa şu aýda alnan azyk önümleriniň mukdaryny görkezýän tablisa ýerleşdirilýär.

"Bu önümleriň arasynda towuk eti, birinji sort un, şeker, günebakar ýagy we "Ahal" pagta ýagy bar. Şeýle-de, Öý dolandyryş edarasynyň ähli ýazgylary başlygyň möhri we goly bilen ätiýaçlandyrylýar" diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Azyk üpjünçiligi bilen bagly meseleler ýurduň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdelerinde asla agzalmaýar. Döwlet emeldarlary we hökümet resmileri hem bu meseleler boýunça aç-açan çykyş etmeýärler. Oňa derek döwlet telewideniýesinde we döwlet howandarlygynda çap edilýän gazet-žurnallarda ýurtda gazanylandygyny aýdylýan ösüşler yzygiderli görnüşde taryp edilýär.

Azatlyk Radiosy paýtagt Aşgabadyň döwlet dükanlarynda tüwiniň we tüwi önümleriniň alyjylara mejbury satylmagynyň mümkin bolan sebäplerini, “tüwi bolçulygynyň” aňyrsynda ýatan möhüm faktorlary öwrenmäge synanyşýar.

Türkmen hökümeti azyk önümleriniň importynyň azaldylyp, ýerli önümçiligiň ösdürilýändigini, ýerli telekeçileriň we daýhan hojalyklaryň gök-bakja, tüwi we beýleki önümleri ösdürip ýetişdirýändigini we bu önümçiligiň ilatyň talabyny kanagatlandyrýandygyny öňe sürýär, hatda wagtal-wagtal döwlet baştutany “ýurduň ilatyndan artan önümleri daşary ýurtlara-da eksport etmegiň” mümkindigini aýdyp çykyş edýär.

Ýöne synçylar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýändigini, ýurtda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýabygorlydygyny aýdyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG