Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar: Şeker zawodynyň gurluşykçylary geçen ýyldan galan aýlyk haklaryny alyp bilmeýär


Illýustrasiýa suraty. Gurluşyk işçileri. Aşgabat.
Illýustrasiýa suraty. Gurluşyk işçileri. Aşgabat.

Serdar etrabynda gurulýan şeker zawodynyň gurluşygynda zähmet çeken onlarça işçi "maliýe ýetmezçiligi sebäpli" 2019-njy ýyldan galan zähmet haklaryny alyp bilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy anonim şertde 6-njy iýulda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, “Nusaý ýollary”, “Hyzmatdaşlar” we ýene-de birnäçe hususy gurluşyk kärhanalarynyň bilelikde gurýan zawodynda 100 töweregi lebaply gurluşykçy zähmet haklarynyň tölegleri bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýärler.

“Serdar şeker zawodynyň bahasy 200-250 million dollar aralygynda hasaplanýar. Gurluşyk heniz hem tamamlanmady” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, zawodyň gurluşygyna gatnaşýan ýerli kärhanalar işçileriň geçen ýyldan galan aýlyk haklaryny maliýe ýetmezçiligi sebäpli töläp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Pul ýok bahanasy bilen lebaply 100 töweregi raýat heniz hem geçen ýylda işlän aýlyk haklaryny alyp bilmän kösenýär” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Gurluşykçylar zähmet haklaryny almak üçin ýerli kazyýete ýüz tutýarlar.

“Ýöne olaryň arzalaryny türkmen kazyýeti we prokuratura edaralary diňlemeýär” diýip, habarçy ençeme gurluşykçynyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, ýerli firmalar işden boşadylan algydar gurluşykçylara: “Nirä arz etseňiz, ediň! Ýene pul sorasaňyz, türmä basdyrarys” diýip, haýbat atýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, habarçymyz Farap etrabyndan gelip, Serdar etrabynda gurulýan şeker zawodynyň gurluşygynda zähmet çeken birnäçe işçiniň işden boşadylandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy ýerli gurluşyk kompaniýalary bilen gurluşykçylaryň arasyndaky algy-bergi meselesi hem-de işçileriň köpçülikleýin işden boşadylmagy barada Serdar etrap häkimliginden we etrap prokuratura edarasyndan kommentariýa alyp bilmeýär.

Häzirki wagtda Mary welaýatynda ýerleşýän ýurt boýunça ýeke-täk şeker zawody önüm öndürýär. “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2004-nji ýylda işe girizildi.

Türkmenistanda döwlet plan borçnamasy esasynda kärendeçiler şugundyr ösdürip ýetişdirýärler we onuň hasyly şertnama esasynda “Maryşeker” kärhanasyna tabşyrylýar.

Mundan ozal, balkanly kärendeçiler gant şugundyrynyň hasylyny “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýerlemekde özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdiler. Balkan welaýatyň şugundyr önümçiligine geçen ýyl 3,500 gektardan gowrak ekin meýdany bölünip berildi.

Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde ýerleşýän şeker zawodynyň gurluşygyna 2015-nji ýylyň ahyrlarynda girişildi.

2019-njy ýylyň fewralynda bu şeker zawodynyň gurluşyk işleri bilen tanyşan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu barada şeýle habar beripdi:

“Zawodyň gurluşygy birbada göwnejaý ýalydy. Binanyň boýy ýetdi, şondan soň gurluşyk togtady. Oňa penjire oturtmak, içerki suwag işleri, tehnika ornaşdyrmak, oňa ýöriteleşdirilen awtonom elektrik stansiýasyny gurmak ýaly işler edilenok. Gapdalyndan geçseň, ullakan ymarat. “Bu näme?” diýip, sorasaň ýerli ýaşaýjylar ol ýerde gant zawodynyň gurulmalydygyny, ýöne onuň gurluşygynyň uzaga çekendigini aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Şonda Balkanyň welaýat häkimliginiň bir resmisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertlerde bu zawodyň gurluşygyny ýerli býujetiň hasabyna tamamlamagyň tabşyrylandygyny gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG