Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gani: Zorluklaryň köpelmegi parahatçylyk prosesine "çynlakaý" howp abandyrýar


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ýurtda söweşijileriň zorlugynyň köpelmeginiň “Talyban” bilen parahatçylyk prosesine “çynlakaý” howp abandyrýandygyny duýdurdy.

Gani bu barada 6-njy iýulda söweşiji topar bilen garaşylýan gepleşikler hakda halkara jemgyýetçiligine maglumat bermäge gönükdirilen onlaýn konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, owgan prezidenti parahatçylyk gepleşiklerine taýynlyk görülýändigine garamazdan, häzirki zorlugyň derejesiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende has ýokarydygyny hem belledi.

“Eger “Talyban” söweşini dowam etdirse, owgan parahatçylyk prosesi çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar” diýip, Gani aýtdy.

Owgan häkimiýetleri we “Talyban” Owganystanda iki onýyllyga golaý wagt bäri dowam edýän urşy bes etmegi maksat edinýän göni gepleşiklere gatnaşmaga taýýarlanýar.

Ýöne resmiler “Talybany” maý aýynyň ahyrynda ok atyşygy bes etmek baradaky üç günlük ylalaşyk tamamlanandan soň, soňky hepdelerde ýüzlerçe howpsuzlyk işgärini we parahat ilaty öldürmekde aýyplady.

“Talyban” köp hüjümiň jogapkärçiligini ret etdi, ýöne oba ýerlerinde owgan howpsuzlyk güýçlerini nyşana alandygyny boýun aldy.

Agzalýan wideo konferensiýa Owganystanyň ýokary derejeli resmileri, şeýle-de ABŞ, Russiýa, Pakistan, Hindistan, Eýran, Hytaý, Katar, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan we Azerbaýjan ýaly 20-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy.

Şeýle-de, wideo konferensiýa Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara guramalar hem gatnaşdy.

Gani şu hepdäniň ahyrynda ýene iki wideo konferensiýa geçirer.

Kabulyň Günbatar tarapyndan goldanylýan hökümeti, söweşijiler bilen Waşingtonyň arasynda şu ýylyň fewral aýynda gol çekilen şertnamanyň çäginde, 4000-den gowrak “Talyban” tussagyny boşatdy.

“Talyban” şu wagta çenli 750 töweregi hökümet tussagyny azatlyga goýberdi.

ABŞ-Talyban şertnamasyna laýyklykda, Birleşen Ştatlar Owganystandaky güýçlerini iýul aýynyň ortalaryna çenli 12000 esgerden 8600-e çenli azaltmaga razy boldy. Eger ylalaşygyň galan bölegi ýerine ýetirilse, onda ABŞ we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň ählisi 2021-nji ýylyň ortalaryna çenli Owganystandan çykar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG