Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” barlag nokatlaryna eden hüjümlerinde azyndan 14 owgan harbysy öldi


Owganystanyň kartasy

Owgan resmileri “Talyban” söweşijileriniň onlarçasynyň ýurduň demirgazygynda amala aşyran gijeki reýdlerinde birnäçe barlag nokadyna hüjüm edendigini we azyndan 14 howpsuzlyk işgärini öldürendigini aýdýarlar.

23-nji iýunda irden bolan ýowuzlyk, häkimiýetler “Talybany”, iki tarapyň hem gijikdirilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamaga taýýardyklaryny aýdýan wagtynda, owgan howpsuzlyk güýçlerine edilýän hüjümleri artdyrmakda aýyplamagynyň yzýanyna gabat geldi.

Resmiler Gunduz welaýatynda bir wagtyň özünde bir armiýa we iki polisiýa barlag nokadyna geçirilen reýdleriň birnäçe sagatlap dowam eden gazaply ýaragly söweşlere sebäp bolandygyny aýtdylar.

Ýaragly söweşlerde Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň sekiz agzasy öldürildi we başga-da ýedi sanysy ýaralandy diýip, etrap başlygy Nasruddin Saadi aýtdy.

“Talyban” topary häzire çenli kommentariý bilen çykyş etmedi.

Goranmak ministrligi söweşijileriň Balh we Gazny welaýatlarynda armiýa postlaryna hem hüjüm edendigini, çaknyşyklarda birnäçe pitneçiniň öldürilendigini aýtdy.

Ýerli resmileriň “Tolo News” ýaýlymyna beren maglumatyna görä, Gaznynyň Çahar Bolak sebitinde bolan başga bir hüjümde azyndan alty owgan polisiýasy öldürildi we başga-da bir sanysy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG