Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde “Talyban” azyndan 17 harby gullukçyny öldürdi


Owgan harbylary (arhiw suraty)

Owganystanyň demirgazygyndaky, Türkmenistan bilen serhetleşýän Jöwüzjan welaýatynda “Talyban” jeňçileriniň barlag-gözegçilik nokadyna eden hüjüminde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan azyndan 12 gullukçy öldi diýip, owgan resmileri maglumat berýärler.

Welaýat häkiminiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, 17-nji iýunda Akja etrabynda amala aşyrylan hüjümde başga-da bäş gullukçy ýaralanypdyr. Jeňçiler dört esgeri hem zamun alypdyrlar.

Ýerli resmileriň ýene biri ok atyşykda “Talybanyň” bäş jeňçisiniň öldürilendigini we ona golaýynyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

“Talybanyň” metbugat wekili hüjümiň arkasynda jeňçi toparynyň durandygyny tassyklady. Şeýle-de, anyk sanlary bermese-de, adam ýitgileriniň has köp bolandygyny öňe sürdi.

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda hem jeňçiler Milli owgan armiýasynyň barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etdiler. Ýerli polisiýa başlygy merkezi Gunduz şäheriniň etegindäki hüjümde bäş esgeriň öldürilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG