Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda ilat aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin gijesi bilen bankomatlaryň öňünde garaşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýüzlerçe adam zähmet we pensiýa haklaryny, şeýle hem döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär. Adamlar gijesi bilen bankomatlaryň öňünde nobata durýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

"Baýramalynyň "Türkmenbaşy" we "Halk" banklarynyň işiginde adamlaryň uly nobatlary bar. Her bankyň öňündäki nobatlar 100 adamdan aşýar. Olar daňdan 4-den nobata durýarlar. Adamlar 40° gradusdan ýokary yssy howada kölege tapman, bankyň içine goýberilmän, daşynda biri-birlerine degişip, gysylyşyp durýarlar. Olar janlary ýanyp, biri-birleri bilen sögüşýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan baýramalyly habarçymyz 9-njy iýulda gürrüň berdi.

Muňa garamazdan, habarçy bankomatlardaky puluň nobata duran adamlaryň ýarysyna-da ýetmeýändigini, şol sebäpli welaýatyň daşky etraplaryndan gelen ýaşaýjylaryň öýlerine gitmän, gije banklaryň golaýynda ýatýandygyny hem aýtdy.

"Bu adamlar "ertir irden nobat başlanda, öňüräkde bolarys" diýýärler. Olar golaýda ýerleşýän 12-nji mekdebiň ýa-da "Miras", "Mähriban" ýaly dükanlaryň garawullarynyň ýanlarynda üýşüp gijesini geçirýärler. Adamlaryň öz aýlyklaryny almagy aýdan aýa kynlaşýar" diýip, habarçy belledi.

Maryda ilat bankomatlardan öz aýlyk we pensiýa haklaryny, şeýle hem kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän mahaly, dükanlaryň tas ählisinde bank kartlary arkaly söwda hem edip bolmaýar.

"Dükan eýelerine kartdan söwda edilmese, jerime salynjakdygy duýdurylypdyr. Ýöne söwdagärler gelýän barlagçylara para berip, nagt görnüşde söwda etmeklerini dowam etdirýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Beýleki tarapdan, Azatlygyň Marydaky bir çeşmesi bolsa, şu günler söwda nokatlary, ýagny dükanlary we kafeleri ýapylan telekeçilere "töleg terminallaryny ulanyň" diýlip, basyş edilýändigini habar berýär.

"Bank işgärleri telekeçilere "terminallary ulanyň" diýip azar berýärler. Olar terminallary ulanmadyk telekeçileriň terminallarynyň elinden alynjakdygyny duýdurýarlar. Ýöne telekeçilerde bu terminallary ulanmaga mümkinçilik ýok. Sebäbi olaryň Muhat bilen Perren obalarynyň ugrundaky ýoluň gyrasynda ýerleşýän dükanlaryny we kafelerini mundan iki aý ozal doly ýapdylar. Olara munuň sebäpleri düşündirilmändir" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmämiz telekeçilere salgylanyp, 9-njy iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözüne gorä, uly ýoluň gyrasyndaky bu söwda nokadynda azyk dükanlarynyň, kafeleriň we ulag ussahanalarynyň 50-den gowragy ýerleşýär. Olar köplenç daşary ýurtlardan, şol sanda Eýrandan we Türkiýeden gelýän ýük ulag sürüjilerine hyzmat edýärdi.

"Bu ýerdäki köp azyk dükanlarynyň azyk harytlary zaýa boldy. Adamlar işsiz otyr. Olara kömek etmegiň deregine, çykdajy etdirjek bolýarlar. Telekeçiler bank işgärlerinden "biziň söwda nokadymyzy hiç hili düşündirişsiz iki aý ozal ýapyp gitdiler. Biz terminallary nirede işledeli?" diýip soraýarlar. Olar "Bize bildirenok, bizde talap şeýle. Bolmasa terminalyňyzy yzyna tabşyryň" diýýärler. Biz olara "Siz bize terminaly satdyňyz, biz yzyna tabşyrsak, şol puly yzyna berýäňizmi?" diýip sorasak, "Ýok" diýip jogap berýärler" diýip, söwda nokady ýapylan telekeçileriň biri çeşmämize gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat we Baýramaly şäher häkimliklerinden, agzalýan banklardan kommenatriý alyp bilmedi.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirip gelýär. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri pandemiýa çäklendirmeleriniň we global nebit bahalarynyň aşaklamagynyň arasynda, soňky aýlarda maliýe kynçylyklarynyň, şol sanda bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň has-da ýitileşendigini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Muňa derek, hökümet maslahatlarynda yzygiderli ykdysady ösüş sanlary getirilýär.

3-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň umumy içerki önümçiliginiň 5,9% göterilendigini aýdyp, ykdysadyýet ministrini işden boşatdy.

XS
SM
MD
LG