Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýynyň üçeginde ýangyn döredi. Wideo


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň 3-nji etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýyň üçeginde ýangyn döredi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we wakany wideo düşüren ýaşaýjylar Aşgabatdan habar berdiler.

"Bu ýangyn Nurberdi Han köçesiniň ugrundaky 19/2 köp gatly jaýda boldy. 11-nji iýulda giçlik döran ýangyn köp gatly jaýyň iň ýokary gatynda ýüze çykdy. Ýangyn jaýyň üçegine ýaýrap, bu ýer ýangyndan zyýan çeken esasy ýer boldy. Şol gije ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri ýangyny söndürmegi başardy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçymyz aýtdy.

Aşgabadyň köp gatly jaýynda ýangyn döredi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:36 0:00

Ýaşaýjylaryň wakany wideo alyp, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna iberen wideoýazgysynda köp gatly jaýyň üçeginiň ýanýandygy görnüp, onuň uzagynda duran ýaly bolup görünýän adamlaryň sesini eşitse bolýar.

Habarçymyzyň sözüne görä, 12-nji iýulda şäher häkiminiň görkezmesi esasynda "Arkaç" gurluşygyň işgärleri jaýyň üçegini doly söküp aýryp, ony täzeden dikeldip başladylar.

"Arkaç gurluşygyň işgärleri dikeldiş işlerini dowam etdirýärler. Üçegiň örtügini ýerine ýetirýärler. Bu işler ertir-birigün doly gutarjak ýaly bolup görünýär. Dikeldilmäge mätäç ýer ýokary gatyň bir otagy bolup, başga otaglara zyýan ýetmändir" diýip, habarçy işgärleriň ýerinde gyzgyn nahar bilen üpjün edilýändigini hem aýtdy.

Şol bir wagtda ol ýangynda zyýan ýeten otagyň ýaşaýjylarynyň wagtlaýyn nirede ýaşaýandygyny anyklap bolmandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Şaýatlaryň habarçymyza aýtmagyna görä, ýangynyň döremegine gaz hasaplaýjy guralyň kadaly işlemeýänligi sebäp bolupdyr.

Azatlyk Radiosyna bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginden hem-de Aşgabat şäher häkimliginden kommentariý almak başartmady. Şeýle-de, wakada adam pidalarynyň bolandygyny ýa-da bolmandygyny hem anyklap bolmady.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ençeme partlamanyň we ýangynyň bolandygy barada habar berildi.

Geçen ýylyň 24-nji iýulynda Aşgabatda we onuň eteginde bir gije-gündiziň dowamynda hem partlama, hem-de ýangyn boldy. Şonda Azatlygyň habarçylary we garaşsyz media serişdeleri 11-nji etrapçada gaz turbasynyň ýarylandygyny we Aşgabadyň eteginde kagyz-karton öndürýän kärhananyň ýanandygyny habar beripdiler.

Şeýle-de, şol aýyň 16-na Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde gaz partlamasy boldy we binanyň ýokary gatyndaky otaglaryň käbiri bölekleýin opuryldy. Waka şaýat bolanlar şol partlama netijesinde azyndan 20 adamyň wepat bolandygyny aýdypdylar.

Soňky ýyllarda Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleri gaz ölçeýjileriň gyssagara oturdylmagynyň ýerine ýetirilen işleriň hiliniň pes bolmagyna we gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlaryň döremegine getirýändigini, şeýle-de gaz ölçeýji gurallaryň bibat çykýandygyny habar beripdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda bolýan tebigy betbagtçylyklar, ýa-da dürli ýagdaýlar sebäpli döreýän ýangyn hadysalary barada ilat köpçüligine aç-açan maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG