Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dümew, pnewmoniýa, COVID-19? Keseliň ýaýramagy we BSG-niň Türkmenistana ynsanperwer kömegi


Aşgabat, 17-nji iýul, 2020

Lebap welaýatynda COVID-19 keseliniň we pnewmoniýanyň alamatlary bolan näsaglaryň sany köpelýär. Türkmenabadyň saglyk edaralaryndaky çeşmelerimiz hassahanalara düşýän adamlaryň ençemesinde koronawirusyň tassyklanýandygyny aýdýarlar. Ýurt resmileriniň sözlerine göre, ýurtda ne koronawirus, ne-de pnewmoniýa bar.

Türkmenabadyň keselhanalarynda günde onlarça adamdan koronawirus tassyklanýandygyny Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelerimiz aýdýarlar.

"15-nji iýulda 40-a golaý adam köpugurly [lukmançylyk merkezine] kabul edildi. Kowid bilen kesellänler köpçülik görmez ýaly keselhana ýarym gijeden soň ýerleşdirilýär" diýip, çeşmämiz habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynda-da COVID-19 diagnozy bilen 100 töweregi adam saklanýar, olaryň arasynda Farap etrabynyň häkimi Hasan Metgulyýew hem bar.

"BSG-niň missiýasy gidensoň, kowid bilen kesellän näsaglar ýokanç keseller keselhanasyna gaýtadan alnyp baryldy. Häzir ol ýerde 100 töweregi adam ýatyr, olaryň arasynda Farabyň häkimi Hasan Metgulyýew" diýip, Azatlygyň welaýat saglyk ulgamyndaky çeşmelerinden biri 17-nji iýulda habar berdi.

Azatlyk Hasan Metgulyýewiň hassahana ýerleşdirilmegi barada Farap etrabynyň häkimliginden habar alyp bilmedi.

Bu aralykda Lebapda şäher we etrap häkimlerinden we olaryň orunbasarlaryndan COVID-19 synagyndan geçmegiň tabşyrylandygyny "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berdi.

Geçen hepde-de Türkmenabadyň köpugurly merkezine we ýokanç keseller hassahanasyna 7-nji we 9-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň gündogar welaýatynda sapar eden BSG-niň COVID-19 boýunça wekilleri baryp gördüler. Emma Türkmenabatdaky habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň sözlerine görä, koronawirusly näsaglar daşary ýurtly bilermenlere görkezilmändir.

Olara görkezmek üçin hassahanalaryň diňe käbir bölümleri öňünden taýýarlanyp, bu ýerdäki koronawirusly hassalar başga ýere göçürildi. Türkmenabadyň saglyk edaralarynda daşary ýurtly wekilleriň gelmegine taýýarlyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow 3-nji iýulda hut özi baryp barlady.

BSG-niň Türkmenistana sapar eden toparynyň ýolbaşçysy Ketrin Smallwood özleriniň taraplar tarapyndan öňünden ylalaşylan ýerlere baryp görendigini 15-nji iýulda Aşgabatda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Şu gün Azatlygyň Lebapdaky habarçylary welaýatyň Darganata we Gazojak etraplarynda agyr ýagdaýyň ýüze çykandygyny habar berýärler. Welaýatda ilatyň öýlerinde galmagyny we maska geýmegini üpjün etmek üçin gözegçilik güýçlendirildi, hökümet işgärleri öýme-öý aýlanyp, ilatyň daşary çykmazlygyny wagyz edýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bolup bilmegini inkär edýärler we bir aýlap möwç alan ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagyny ykrar etmeýärler.

Şeýle-de bolsa, ýurtda 10 gün bäri keseliň ýaýramagyna garşy görlüp-eşidilmedik derejede çäre görüldi. Ýurt içindäki transport gatnawy çäklendirildi, bazarlar we söwda merkezleri ýapylýar, ilatyň maska geýmegine polisiýa we harbylar gözegçilik edýär, uçarlar asmandan antiseptik sepýärler, köpçülik ýerlerinde öýken we dem alyş infeksiýalarynyň ýokaşmagynyň ähtimallygy barada ilata duýdurylýar.

Şäheriň jemgyýetçilik ýerlerinde we ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde 16-njy iýulda peýda bolan bildirişlerde ilata “şäherde ýiti öýken (dem alyş) sowuklamalaryň ýaýramagynyň öňüni almak” üçin maska geýmek we dezinfeksiýa serişdeleri ulanmak maslahat berilýär. Beýleki bildirişlerde üşemekden saklanmak, arassaçylygy berjaý etmek, agzyňy we burnuňy ýapmak we fiziki aralygy saklamak üçin jikme-jik usullar "Lukmanyň maslahatlary" hökmünde köpçüligiň dykgatyna ýetirilýär. Emma çap görnüşli bu resmi bildirişlerde COVID-19 agzalmaýar.

Bellemeli ýeri, türkmen hökümetiniň "koronawirus kontekstinde alyp barýan işleri barada" jemgyýetçiligi habarly etmek meselesi Bütindünýä saglyk guramasynyň missiýasynyň Türkmenistana eden saparynyň netijesinde eden teklipleriniň biri boldy. Bu barada Türkmenistana sapar eden missiýanyň başlygy Katrin Smallwood 15-nji iýulda aýtdy.

16-njy iýulda Türkmenistanyň ýarym resmi media serişdeleri ýurduň Zähmet ministrliginiň ýiti respirator kesellere sezewar bolmagy ähtimal işgärleriň dynç alyşa iberilmegini maslahat berendigini habar berdi. "Häzirki wagtda şeýle işgärleri kanuna we olaryň islegine laýyklykda zähmet düzgünlerinde we kanunda göz öňünde tutulan beýleki dynç alyş görnüşlerine ibermek mümkinçiligi barada gürrüň gidýär" diýip, “Orient” neşiri 17-nji iýulda habar berdi.

Bu döwürde Bütindünýä saglyk guramasynyň Türkmenistanyň pandemiýa garşy göreşmäge we COVID-19 hadysalaryna tiz jogap bermäge taýýardygyny goldamak üçin iberen ynsanperwer kömegi ýurda gelip başlady.

"Getirilen serişdeleriň sanawy Bütindünýä saglyk guramasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi tarapyndan düzülipdir. Oňa 320 müň medisina maskasy, 95 müň 130 sany respirator, şeýle hem 88,5 müň ýüz goragy, 18,4 müň gorag üçin medisina äýnegi we 12 müň sany geýim girýär. Kömegiň umumy bahasy takmynan 430 müň amerikan dollaryna barabar. Howply ýokançlyklardan goranmak zerurlygy ýüze çykan halatynda olaryň hemmesi türkmen lukmanlaryna berler" diýlip türkmen media serişdesi habar berýär.

Dünýäde koronawirus epidemiýasynyň başlanan ilkinji aýlarynda Türkmenistan medisina maskalaryny Hytaýa iberdi, öz ilatyna bolsa maska dakynmagy, dermanhanalara maskalary satmagy gadagan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtyndaky dermanhanalarda medisina maskalarynyň söwdasy ýola goýuldy.

"Dermanhanamyzda maskalar eýýäm erkin satylýar, 5 maska we 2 sany antiseptik süpürgiç 5 manada satylýar. Şäherde 3,50 manatdan ýerli önümi bolan trikotaž süpürgiçler peýda boldy, 2 sanysyndan satýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 17-nji iýulda aýtdy.

Türkmenistana sapar eden BSG-niň wekilleri ýurtda COVID-19 keseliniň bardygyny resmi taýdan ne inkär etdi, ne-de tassyklady, emma ýurt resmileriniň “ýurtda koronawirus bar ýaly” hereket etmelidigini aýtdy.

15-nji iýulda, sapardan soň geçirilen metbugat ýygnagynda BSG-niň missiýasynyň başlygy Ketrin Smallwood guramanyň Türkmenistanda çykyşy näbelli öýken keseliniň köpelendigi baradaky habarlara aşa alada bildirýändigini aýdyp, gözegçilik we synag ulgamlarynyň işini güýçlendirmegi, şeýle hem nusgalary gaýtadan barlamak üçin BSG-niň laboratoriýasyna ibermegi maslahat berdi.

Muňa Türkmenistan resmileri dessine garşy çykdylar. Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň wekili Gurbangül Owlýakulowa "ýurtda çykyşy näbelli pnewmoniýa ýok" diýip berk jogap berdi.

Türkmen resmisiniň bu çykyşy Aşgabatda türkiýeli diplomatyň ýogalmagynyň yzýanyna gabat geldi. Türkmen lukmanlary 7-nji iýulda Aşgabadyň keselhanasynda aradan çykan Kemal Uçkunyň pnewmoniýadan ölendigini aýtdylar. Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine görä, diplomat koronawirusyň pidasy bolupdyr.

Türkmenistanyň Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň wekili Gurbangül Owlýakulowa 15-nji iýulda eden çykyşyna görä, ýurtda koronawirusy anyklamak boýunça synaglar geçirilýär. Onuň sözlerine görä, şu çaka çenli koronawirus testleri daşary ýurtdan baranlaryň arasynda, şeýle-de keselhanalara respirator keselleriň alamatlary bilen düşýän näsaglaryň arsynda geçirilipdir. Şeýle hem Oraza baýramy döwründe 60 ýaşdan uly adamlaryň arasynda test geçirilipdir. COVID-19 keselini anyklamak üçin ýurtda jemi geçirilen testleriň sanyny türkmen resmisi anyklaşdyrmady.

"Bizde ýeterlik test bar we olaryň üsti ýetirilýär" diýip, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň wekili aýtdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG