Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdyldymy-edildi. Türkmenistan ýurtda koronawirus bar ýaly hereket edýär


BSG-niň Ýewropadaky regional bölüminiň Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça metbugat-konferensiýasy, Aşgabat, 15-nji iýul, 2020
BSG-niň Ýewropadaky regional bölüminiň Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça metbugat-konferensiýasy, Aşgabat, 15-nji iýul, 2020

BSG-niň bilermenleri Türkmenistana eden saparynda ýurt koronawirus bar ýaly hereket etmeli diýen netijä geldiler. Türkmen hökümeti guramanyň COVID-19 boýunça bilermenleriniň Türkmenistana baran gününden başlap, ilatyň fiziki aralygyny saklamak we maska geýmegini üpjün etmek ýaly ençeme aýlap äsgermän gelen çäreleri berk girizip başlady. Indi ýurduň häkimiýetleri koronawirusa garşy göreş üçin awiasiýany hem çekýärler.

Türkmenistan bazarlary ýapmagy, daş töweregi dezinfeksiýa etmegi we ilatyň köpçülikde we ulaglarda maska geýmegine gözegçiligi dowam etdirýär.

"Şu gün Jennet bazary sanitariýa üçin ýapyk. Mir etrapçasyndaky 'Paýtagt' bazarynda, birnäçe günden bäri adamlaryň temperaturasyny barlaýarlar, ellerini dezinfeksiýa edýärler" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 15-nji iýulda habar berdi.

BSG-niň Türkmenistana baran toparynyň başlygy Katrin Smallwood
BSG-niň Türkmenistana baran toparynyň başlygy Katrin Smallwood

Şol gün Aşgabatdaky metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň "ýurtda koronawirus bar bolan ýaly hereket etmelidigini" aýtdy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň 10 gün bäri Türkmenistanda bolan COVID-19 boýunça toprynyň ýurtda koronawirus bilen ýagdaýy aýdyňlaşdyrmagyna garaşylypdy. Missiýanyň saparynyň netijeleri barada resmi beýanatynda Türkmenistanda COVID-19-yň bardygy inkär edilmedi we tassyklanmady.

Metbugat ýygnagynda aýdylyşy ýaly, bilermenler Türkmenistanda diňe öňünden kesgitlenen sanawdaky desgalara baryp görüpdir.

Ýurduň çäginde COVID-19 keseline degişli tassyklanan ýagdaýlaryň ýokdugyny öňe sürýän türkmen ýolbaşçylary, BSG-niň wekilleriniň beýanaty barada öz pikirini mälim etmediler, ýöne rekomendasiýalara laýyk çäreleri görýärler. Ýurduň içinde transport aragatnaşygy çäklendirildi, bazarlar we söwda merkezleri ýapyldy, ilat tarapyndan maska dakynmak talabynyň ýerine ýetirilişi üpjün edilýär. Muňa kanun goraýjy edaralaryň işgärleri we harbylar gözegçilik edýärler.

Soňky günlerde Türkmenistandaky habarçylarymyz COVID-19 keseliniň simptomlary bilen kesellän adamlaryň sanynyň artýandygyny we ölýänleriň köpelýändigini aýdýarlar.

"Soňky 10 günüň içinde 7-nji mekdebiň töwereginde azyndan 6 sany uly ýaşly adam aradan çykdy. Olaryň arasynda yzly-yzyna ýogalan uly ýaşlyj jübütler hem bar. Kibirinde başda ýokary gan basyşy, soňam üsgülewügi we gyzgyny bolan bolsa, beýlekilerinde süýji keseli hem bardy. Töwerek daşymyz ýas tutmak üçin dikilen çadyrlardan doly. Öýümiň gapdalynda ilki bir garry adam öldi, 7 günden soň şol ýerde başga bir çadyr peýda boldy, ýene bir adam ýogaldy" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 15-nji iýulda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtyň hassahanalaryndaky çeşmelerine görä, Aşgabadyň keselhanalarynda barlaglar arkaly koronawirusyň bardygy tassyklanan adamlaryň onlarçasy ýogalýar. Hususan-da, Aşgabadyň kardiologiýa keselhanasynda her gün 40 töweregi adam aradan çykýar.

Paýtagtyň bu hassahanasynda 7-nji ýuldan 8-ne geçýän gijede türk diplomaty Kemal Uçkun aradan çykdy. Lukmanlar onuň pnewmoniýa bilen keselländigini aýtdylar.

BSG-niň wekilleriniň teklipleriniň fonunda Türkmenistan koronawirusa garşy göreşiň gerimini has-da giňeldýär. Indi dezinfeksiýa işleri howadan, uçardan antiseptikleri sepmek arkaly amala aşyrylýar.

“Orient” ýarymresmi onlaýn neşiriniň 15-nji iýulda habar bermegine görä, "An-2" ýeňil uçar Balkan welaýatynyň serhet ýakalarynda we Türkmenbaşy hem Balkanabat şäherleriniň töwereginde dezinfeksiýa üçin serişde sepýär. Şuňa meňzeş çäreler eýýäm Mary we Lebap welaýatlarynyň serhetýaka ýerlerinde geçirilipdir we ýene dowam etdiriler.

Howadan dezinfeksiýa etmek işleri tapgyrlaýyn we howanyň ýokarky gatlaklarynda we 50-60 metr beýiklikde geçirilýär diýip, neşir habar berýär.

16-njy iýulda Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy Aşgabatda hem howadan himiki serişdeleriniň sepilendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, geçen agşam Aşgabatda asmandan sepilen hlorly jisimler käbir ýaşaýjylarda allergiýa täsirini döredipdir.

Türkmenistanda dezinfeksiýa üçin howadan sepilýän serişdäniň nämedigini resmi çeşmelerden anyklap bolmady.

Ýarymresmi "Orient" neşiri uçarlaryň aerozol görnüşde hlorly suwuklygyny sepýändigini habar berýär we bu işiň adam saglygy hem daşky gurşaw üçin berk howpsuzlyk talaplaryna esaslanýandygyny belleýär.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary iýun aýynyň ahyrynda Köpetdagyň dag eteklerinde uçarlardan himiki maddalaryň ýurduň Eýran bilen serhediniň golaýynda sepilendigi barada habar beripdi. Bu ýagdaý haýwanlaryň ölümine sebäp bolupdy.

“Häkimiýetler Eýran tarapyndan özlerini koronawirusdan goramak üçin bu ädimi ätdiler. Munuň netijesinde ýüzlerçe keýik öldi. Hususan-da, Aşgabadyň günorta çetindäki asma ýoluň ýerleşýän töwereginde ençeme keýik heläk boldy” diýip, habarçymyz 29-njy iýunda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna bu barada Aşgabat şäher häkimliginden, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak başartmady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG