Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul polisiýasy türkmen aktiwistlerini tussag etdi. Protestçileriň häkimiýetlerden rugsat almandygy aýdylýar


Türkmen aktiwisti hakykatyň öz ornuny tapjakdygyny aýdýar. Stambul, Ýaşylköý mähellesiniň polisiýa bölümi. 19-njy iýul, 2020.

Çäräni gurnaýjylaryň Stambul polisiýasy tarapyndan tussag edilendigi we Ýaşylköý mähellesiniň polisiýa bölümine alnyp gidilendigi habar berildi.

Şu gün, 19-njy iýulda türkmen aktiwistleriniň Stambul şäherinde, Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullygynyň öňünde ýerli wagt bilen sagat 13:00 – 15:00 aralygynda geçirmegi planlaşdyran parahatçylykly demonstrasiýalarynyň öňi alyndy.

Türk žurnalisti Ragip Kamil Ilbeýiniň “Erkin ses” wideo kanalynda habar berilmegine görä, türkmen aktiwistleri pandemiýa wagtynda geçirjek ýygnanyşyklary üçin häkimiýetlerden rugsat almandyr.

Ragip Kamil Ilbeýi
Ragip Kamil Ilbeýi

Şeýle-de žurnalist başda üç adamyň saklanandygyny, soňra 20 töweregi adamyň polisiýa bölümine getirilendigini, häzir ol ýerde 22 adamyň saklanylýandygyny, emma olaryň basym boşadylmagyna umyt baglaýandygyny, 'problema bolmajakdygyny' aýtdy.

Biraz öňünden ýaýradylan bildirişde türkmenistanlylaryň bu çärä öz şygarlary bilen gelip biljekdikleri habar berildi. Şu aralykda radio gowşan maglumatlara görä, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar esasan Türkmenistandaky koronawirus howpy, häkimiýetleriň howply wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülmeli zerur çäreleri görmezligi sebäpli alada galýarlar.

Protest çäresiniň gurnalýandygy baradaky maglumatlar has öňünden sosial ulgamlarda ýaýradyldy we, Türkmenistanyň Demokratik saýlawy hereketiniň egindeş başlyklary Kakamyrat Hydyrow, Myrat Gurbanow dagy 16-njy we 18-nji iýulda sosial ulgamlarda öz goldawçylaryny Stambulda guraljak proteste gatnaşmaga çagyrdylar.

K.Hydyrow öz çagyryşyny BSG-nyň Türkmenistana eden saparyndan soň gelen "gümürtik" netijesi, türkmen häkimiýetleriniň halky ýokanç keseleden goramak üçin zerur çäreleri görmezligi bilen düşündirdi.

Azatlyk radiosy nobatdaky protest çäresi hakynda maglumat almak üçin öz çeşmesi bilen habarlaşanda, olaryň saklanjakdygyny aňladýan hiç bir alamat ýokdy. Emma birazdan çäräni gurnaýjylaryň Stambul polisiýasy tarapyndan tussag edilendigi we Ýaşylköý mähellesiniň polisiýa bölümine alnyp gidilendigi habar berildi.

Şu aralykda sosial ulgamlarda, hususan-da feýsbukdaky “Türkmen azatlygy” toparynda polsiýa uçastogyna ýygnalan türkmenistanlylaryň birnäçesini görkezýän gysga wideo ýazgy peýda boldy. Onda protesçileriň biri, ýüz maskasyny geýen zenan adyny aýtmazdan, protest çäresini gurnaýjylary polisiýanyň saklandygny aýdýar we kim näme etse-de, hakykatyň öz ýerini tapjakdygyny nygtaýar.

Wideoda tussag edilen başga-da birnäçe protestçiniň ýüzi görünýär.

Habarlardan mälim boly ýaly, Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda apreliň aýagynda we maýyň başynda gopan harasatdan soň, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary Türkiýede, Demirgazyk Kiprde, Birleşen Ştatlarda türkmen hökümetiniň we prezidentiniň alyp barýan syýasatyna garşy açyk protest bildirmäge başladylar.

Tussag edilen aktiwistler.
Tussag edilen aktiwistler.

Aktiwistler türkmen hökümetiniň ýurt içinde hem, ýurt daşynda hem öz raýatlarynyň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklanmazlygyndan, işsizligiň aşa ýokar bolmagyndan we korrupsiýanyň giň ýaýramagyndan nägile bolýarlar hem-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy diktatorlykda, repressiýada aýyplap, işden çekilmäge çagyrýarlar.

Mundan öňki protest aksiýasy 16-njy iýulda Birleşen Ştatlarda, Nýu-Ýorkda ýaşaýan aktiwistler, Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan gurnaldy.

Ýöne bu protest çäresi ozalkylardan üýtgeşik boldy, guýrugyna “Türkmenistanyň diktatory – SOS” diýen ýazgyly plakat berkidilen uçar şäher asmanynda gezim etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň baýdagynyň ýüzünde ýerleşdirilen ägirt uly suratyny we “Türkmenistanyň diktatory – SOS” diýen ýazgyly plakaty asmanda gezdirýän uçary görkezýän wideo sosial ulgamlarda hem peýda boldy.

Guramaçylaryň biri Zara Haýydyň “Turkmen.news” neşirine aýtmagyna görä, bu türkmen raýatlarynyň prezidentiň we onuň syýasatynyň garşysyna gurnaýan köp sanly aksiýalarynyň biri bolup durýar.

Şeýle-de ol indiki protest çäresiniň 29-njy iýulda, Waşingtonda, ABŞ Kongresiniň we Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde geçirilmekçidigini gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG