Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nädip Täjigistan möhüm ÝHHG resmileriniň wezipe möhletini uzaltmagyň öňüni baglady


ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça öňki wekili Harlem Desir

Täjigstan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) iki sany öňdebaryjy resmisiniň ygtyýarlyklaryny uzaltmagy ret edenden soň, olar işden çykdy.

ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň başlygy Ingibjorg Solrun Gisladottiriň hem-de ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Harlem Desiriň wezipe möhleti 19-njy iýulda gutardy.

Olaryň ikisi-de üç ýyllyk ikinji möhlete hödürlenildi, ýöne Täjigistanyň ÝHHG-daky wekiliýeti olaryň ikisiniň-de täzeden wezipä bellenmeginiň öňüni baglamaga kömek etdi. Olaryň ikisi-de mundan ozal täjik hökümetiniň gaharyny getirmekde tanalýardy.

Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edara hem-de Media azatlygy boýunça wekil ÝHHG agza 57 ýurduň ählisinde Guramanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek işlerinden jogapkärdir we bu ugurda Täjigistan tankyt ediljek ýeke-täk ýurt däl.

“Terrorçylara” rugsat berdi

Täjigistan Türkiýe bilen bileleşip, Gisladottiriň wezipe möhletiniň uzaldylmagynyň öňüni baglady. Bu ýurtlaryň ikisi-de diplomatik nota ugradyp, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň “terrorçylykly hereketleri amala aşyran adamlaryň we jenaýatçy toparlaryň Guramanyň Adam ölçegleri boýunça ýygnaklaryna” gatnaşmagyna rugsat berendigini aýtdy.

Türk häkimiýetleriniň Fethullah Gülen hereketi bilen ilteşikli terror guramasydygyny aýdýan we düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistler we ýazyjylar gaznasynyň Adam ölçegleri boýunça ýygnaklara gatnaşmagy sebäpli, Türkiýäniň wekiliýeti 2017-nji ýylda ýygnagy terk etdi we şol bir sebäp bilen 2018-nji geçirilen çäräni boýkot etdi.

Türk häkimiýetleri Gülen tarapdarlaryny 2016-njy ýylyň iýulynda Türkiýede döwlet agdarylyşygyny guramaga synanyşmakda aýyplaýar.

Gülen agdarylyşyga gatnaşygy bütinleý ret edýär we köp sanly hukuk guramalary we aýry-aýry hökümetler türk häkimiýetlerini agdarylyşygy syýasy garşydaş diýilýänlere garşy giň gerimli çäre görmek üçin ulanmakda aýyplaýar, sebäbi agdarylyşyk synanyşygyndan soň, onlarça müň adam işden boşadyldy, saklandy ýa-da tussag edildi.

2016-njy ýylda haçan-da Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasynyň wekilleri Adam ölçegleri boýunça ýygnaklara gatnaşanda, Täjigistanyň wekiliýeti ýygnagy terk etdi we 2017-nji ýylda täjik resmileri maslahata gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Täjik hökümeti ozal häkimiýet başyndaky koalisiýa şärik bolan aram garşylyk topary – Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasyny 2015-nji ýylyň sentýabrynda döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmaga synanyşmakda aýyplaýar, ýöne bu öňe sürmäni tassyklajak tutarykly subutnama ýok.

Täjik häkimiýetleri bu agdarylyşygy kazyýetiň ýurduň iň iri ikinji partiýasy bolan TYGP-ny ekstremist partiýa diýip yglan etmegi üçin bahana hökmünde ulandy we onuň işlerini gadagan etdi we partiýanyň ýurduň içindäki liderleriniň ençemesini türmä basdy.

Täjik häkimiýetleri anyk subutnama hödürlemezden, TYGP-ny terrorçy toparlar bilen ilteşikde aýyplamaga dowam edýär.

TYGP ýurtda 2000-2015-nji ýyllar aralygynda geçirilen ähli parlament saýlawlarynda mejlis kürsüsine eýe boldy. Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edara TYGP-nyň mejlise saýlanmadyk saýlawlarynda “döwlet mediasynyň deňagramsyz gepleşikleriniň, hem-de oppozision TYGP barada negatiw habar bermeginiň” saýlaw kampaniýalaryna kölege salandygyny, saýlaw güni “syn edilen 21 saýlaw uçastogynda ses berişlige negatiw baha berlendigini; munuň sistematik problemalara yşarat edýändigini” hem-de çynlakaý düzgün bozmalar, hususan-da diňe ses bermäge hukugy bolan adamlaryň ses bermegini üpjün etmek boýunça kepilliklere hormat goýulmazlygy barada yzyzgiderli habar berlendigini” aýtdy. Olar muny diňe bir gezek aýtdy.

Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edaranyň Täjigistanda 2020-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlary boýunça taýýarlan soňky hasabaty şeýle belleýär: “Syýasy hukuklaryň we azatlyklaryň sistematik görnüşde bozulmagy plýuralistik syýasy debata ýer galdyrmady hem-de hakyky oppozisiýa syýasy giňişlikden çykaryldy”. Bu saýlawlar soňky 20 ýylda ilkinji gezek TYGP-syz geçirildi.

“Öte tankyt”

Desiriň ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili wezipesiniň uzaldylmagyna Azerbaýjan garşy çykypdyr. Baku muny “Desiriň Azerbaýjanda söz azatlygynyň ýagdaýy barada aýdan öte tankydy bellikleri” sebäpli diýip, düşündirdi.

Täjigistan hem birmeňzeş sebäp bilen oňa garşy çykdy. Desir golaýda täjik häkimiýetleriniň garaşsyz media guramalaryna garşy alyp barýan hereketlerini, ýaňy-ýakynda bolsa olaryň garaşsyz akhbor.com saýtyny petiklemegini Twitterde tankyt etdi.

Bary-ýogy birnäçe hepde mundan ozal, Desir "Asia Plus" žurnalisti Abdulla Gurbatä fiziki hüjüm edilmegini ýazgardy we häkimiýetleri hüjümçileri tapmaga we olary jezalandyrmaga çagyrdy.

Media azatlyklaryny goldaýan 28 sany topar Desiriň wezipe möhletiniň uzaldylmagyny Azaerbaýjanyň we Täjigistanyň ret etmegi boýunça beýanat çap etdi. “Biz mandatyň möhletiniň uzaldylmagynda ähli ÝHHG agza ýurtlaryň ylalaşykly ses bermek zerurlygyna hormat goýýarys, ýöne biz Azerbaýjanyň we Täjigistanyň bu ädiminiň mandatyň möhüm gözegçi wezipesini gowşatmak synanyşygydygyna düşünýäris” diýip, beýanatda aýdylýar.

Beýanat “COVID-19 pandemiýasynyň görkezişi ýaly, media azatlygyny üpjün etmek häzirki wagtda öňküsinden has möhümdir” diýdi.

Bir makala Desiriň täzeden wezipä bellenilmegine “metbugat azatlygynyň ýagdaýy iň erbet ýurtlaryň ikisi tarapyndan” böwet bolnandygyny aýtdy.

Bir zatlar üýtgärmi?

Täjigistanda noýabr aýynda prezidentlik saýlawlaryny geçirmek meýilleşdirilýär we ýeke-täk sorag; uzak wagtlap, häkimiýet başynda oturan prezident Emomali Rahmonyň bäşinji möhlete bu wezipä dalaş edip-etmejekdigi, ýa-da onuň bu wezipäni uly ogly Rustam Emomalä tabşyryp-tabşyrmajakdygy.

Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edaranyň hem-de Media Azatlygy boýunça edaranyň bu saýlawlary tankyt etjegi tas ikuçsyz diýen ýaly, ýöne indi täze dalaşgärleri hödürlemek işleri başlamaly we onuň haçan netijelenjegi mälim däl.

Gisladottiriň hem-de Desiriň wezipä bellenilmegi "üç ýyl mundan ozal Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna Awstriýa başlyklyk eden döwründe kabul edilen syýasy ylalaşygyň" bir bölegidi we Azerbaýjanyň, Täjigistanyň hem-de Türkiýäniň hereketleri, ýagdaýlary has-da çylşyrymlaşdyryp, beýlekileriň, şol sanda Fransiýanyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň, Izlandiýanyň hem-de Ermenistanyň 10-njy iýulda ÝHHG ilçileriniň Wenada geçirilen duşuşygynda Guramanyň baş sekretary Thimas Gremingeriň hem-de ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça ýokary komissary Lamberto Zannieriň wezipe möhletlerini uzaltmagy ret etmeklerine alyp geldi.

Şeýlelik bilen, şol syýasy ylalaşyk paketiniň durmuşa geçirilmeginden ozal, 57 ÝHHG agzasynyň ählisiniň biragyzdan razylygyny talap edýän dört ýokary wezipe bar.

Täjigistan öz karary bilen oňdy, ýöne özüni tankyt eden ÝHHG institutlaryndan Täjigistan hökümetiniň alan ary onçakly uly bir ýeňiş däl ýaly.

Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edaranyň hem-de Media azatlyklary baradaky edaranyň täze başlyklary hem, edil öňküler ýaly, täjik häkimiýetleriň ýol beren hem-de düzeltmek alamatlaryny görkezmedik düzgün bozmalaryny tankyt ederler.

Ýakyn geljekde, Täjigistan koronawirus pandemiýasynyň öz ykdysadyýetine we halkyna ýetiren zyýanynyň öwezini dolmaga synanyşanda, hökümet kömek üçin ýüz tutara az ýeriň galandygyny görüp biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG