Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada ýaraşyk ylalaşygy gazanyldy


Gündogar Ukrainanyň Donetsk regionynda ýerleşýän barlag nokadynda duran harby gullukçy
Gündogar Ukrainanyň Donetsk regionynda ýerleşýän barlag nokadynda duran harby gullukçy

ÝHHG-nyň, Russiýanyň we Ukrainanyň gepleşikçileri 27-nji iýuldan gündogar Ukrainada ot açyşlygy bes etmek barada ylalaşyk gazandylar.

“Ýaraşygyň doly we hemmetaraplaýyn tertibi, garşy tarap ony berjaý eden halatynda, Minsk ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegi üçin esasy şert bolup, bu şertnamalaryň beýleki düzgünleriniň durmuşa geçirimegine ýol açýar” diýip, ukrain prezidentiniň edarasy 22-nji iýulda aýtdy.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý geçen ýyl gündogar Donetsk we Lugansk regionlarynda çaknyşygy soňlandyrmak wadalary bilen wezipä saýlandy.

Germaniýa bilen Fransiýa 2015-nji ýylda Belarusyň paýtagty Minskde parahatçylyk şertnamasy baglaşylaly bäri Ukraina bilen Russiýanyň arasynda araçylyk etdi, ýöne bu şertnamany durmuşa geçirmek boýunça tagallalar başa barmady.

Dört ýurduň liderleri 2019-njy ýylyň dekabrynda Parižde geçirilen sammitde duşuşdy. Bu duşuşyk Kiýewiň we günodgar Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanylýan seperatistleriň tussag alyşmagy birnäçe gezek amala aşyrmagyna ýol açdy.

XS
SM
MD
LG