Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda lukmanlary koronawirus bilen kesellän ýagdaýynda, arz etmejekdigi hakda, dilhaty ýazmaga mejbur edýärler


Özbegistanyň koronawirus bilen göreşýän medisina işgärleri. Illýustrasiýa suraty.
Özbegistanyň koronawirus bilen göreşýän medisina işgärleri. Illýustrasiýa suraty.

Özbegistanda iýul aýyndan başlap, sanitar-epidemiologiýa merkezlerinde işleýän wraçlardan, medisina we gulluk işgärlerinden dilhaty alyp başladylar. Olar «öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty koronawirus infeksiýasyna ýolugan halatynda, diňe özlerini günäkärlejekdikleri» barada dilhaty ýazýarlar. Ýöne saglygy saklaýyş ulgamynyň ýolbaşçylary bu informasiýany düýp-göter ret edýärler.

Daşkent şäheriniň keselhanalarynyň birinde Covid-19bilen düşen näsaglary bejerýän bölümde işleýän şepagat uýasy Azatlyk Radiosyna şeýle mazmundaky dilhaty ýazyp tabşyrandygyny aýtdy.

– Biz eýýäm dört aý bäri koronawirus infeksiýasyna ýolugan näsaglar bilen işleşýäris. Ýöne öň beýle dilhaty ýazmandyk. Men iki hepde öý karantininde oturyp, işe gaýdyp gelenimde, menden dilhaty ýazmagymy talap etdiler. Dilhatyny men olaryň aýdyşy boýunça ýazdym, şonuň üçinem näme ýazanymy takyk bilemok. Ýöne manysy şeýleräkdi: «Eger men iş ýerimde koronawirus infeksiýasyny alsam, meniň hiç hili talap arzam bolmaz».Beýleki bir keselhanada sanitar bolup işleýän meniň goňşymdan hem şo manydaky dilhaty alypdyrlar – diýip, Daşkent keselhanalarynyň biriniň şepagat uýasy aýdýar.

Daşkendiň sanitar-epidemiologiýa gullugy (SEG) merkezinden bir işgäriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň kärdeşleri hem iş ýerinde koronawirusa ýolugan halatynda hiç bir talabynyň bolmajagy barada dilhaty ýazypdyrlar.

– Beýle dilhaty diňe SEG işgärlerinden hem wraçlardan alýarlar. Ýolbaşçylar bu işi medisina işgärlerine kompensasiýa tölemezlik üçin edýärler. Ýöne janyny töwekgellige goýýan olar däl – biz. SEG toparyndan eýýäm näçe adam ol infeksiýa bilen keselledi, ýöne ýolbaşçylar ol maglumaty ýaşyrýarlar. Häzir ähli keselhanalarda işlär ýaly adam ýetmeýär, eger ýagdaý şeýle dowam etse, ertirki gün keselhanada kim işlejek? – diýip, SEG işgäri aýdýar.

Sosial ulgamda@Dilafruz Yunusova Zoirova, özüniň hem maşgalasynyň Daşkendiň Ibn Sina adyndaky №1 klinikasynda koronawirusa garşy bejergi alýandygyny ýazýar hem-de keselhanada işlemek isleýän wraçlardan mejbury dilhaty alnandygyny aýdýar.

Facebookulanyjy@Dilafruz Yunusova Zoirovaşeýle ýazýar. «Biziň bejergi alan bölümimizde bir wraç hem bir şepagat uýasy işledi. Olar tutuş bäş gatly keselhanada ýatanlaryň ählisine jogap bermelidiler. Men näme üçin olaryň diňe iki adam bolup işleýändigi bilen gyzyklansam, “Köp doktorlar hem medisina işgärleri işe çykmakdan ýüz öwürdiler, sebäbi olardan bu ýerde koronawirusa ýolugaýsalar, diňe özleriniň günäkär boljakdygy barada dilhaty aldylar” diýip gürrüň berdiler».

Facebookulanyjy şeýle dilhatyň olar iş ýerlerinde kesellän ýagdaýynda döwletiň kompensasiýa tölemezligi üçin edilýändigini-de ýazýar.

Facebook’daky Halk bilen gepleşik toparynda ýokardaky ýazgylara seslenme 800-den geçýär. Käbir kommentatorlar şeýle ýagdaýyň Daşkentdäki beýleki keselhanalarda hem dowam edýändigini ýazýarlar.

Hususan-da, Daşkendiň medisina akademiýasynyň bir gullukçysy şeýle dilhaty ýazmak talap edilenden soň, Medakademiýadaky ýagdaýyň agyrlaşandygyny ýazýar.

Ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak üçin, Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Daşkendiň Ibn Sina adyndaky №1 kliniki keselhanasyna hem-de Medakademiýa ýüz tutup, bu barada kommentariýa bermegini sorady. Iki edaranyň ýolbaşçylary-da işgärlerden dilhaty alynýandygy baradaky maglumaty ret etdiler.

Bu barada Azatlyk Radiosy entek Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden degerli jogap alyp bilenok.

Ýagdaý bilen giňräk tanyşmak üçin, Azatlyk Radiosynyň žurnalisti paýtagtdaky, şeýle hem welaýat ýerlerindäki birnäçe keselhananyň işgärleri bilen gürrüňdeş bolanynda, medisina işgärlerinden dilhaty almak düzgüniniň ähli ýerde dowam etmeýändigini anyklady.

Nähili-de bolsa, soňky aýlaryň dowamynda, Özbegistanda pandemiýa şertlerinde medisina işgärleriň agyr şertlerde işleýändigi barada, Azatlyga köp habar gelip gowuşýar.

Buharadan ýeterlik gorag kostýumlarynyň hem beýleki gorag serişdeleriniň ýetmezligi sebäpli bäş medisina işgäriniň koronawirus infeksiýasyna ýolugandygy, emma olaryň wada edilen kompensasiýany alyp bilmeýändigi barada habar gowuşdy.

Şeýle arza bilen Surhanderýa welaýatynyň medisina işgärlerinden-de Azatlyga habar gowuşdy.

SURHANDERÝA– “Medisina ýolbaşçylary: Biziň iş hakymyz we prezidentimiz tarapyndan wada beren goşmaça pullar tölenmedi”

Ýatlatsak, mart aýynyň aýagynda, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew koronawirus infeksiýaly keselliler bilen kontaktda bolan medisina işgärlerine her aýda aýlygynyň üstüne goşmaça hak tölenjekdigini aýdypdy.

Golaýda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň özi hem saglygy saklaýyş pudagynda ýagdaýyň örän gözgynydygynyboýun aldy.

15-nji iýulda geçen wideoselektor maslahatynda döwlet ýolbaşçysy Saglygy saklaýyş ministri Alişer Şadmanowa hem Daşkent şäheriniň häkimi Jahongir Artykhojaýewe koronawirus epidemiýasynyň öňüni almakda hem näsaglary bejermekde işi ýeterlik derejede gurap bilmeýändikleri üçin, käýinç yglan etdi.

Saglygy saklaýyş ministri Alişer Şadmanowa hem Daşkent şäheriniň häkimi Jahongir Artykhojaýewe käýinç berildi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG