Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Stambuldaky türkmen konsullygy tussag aktiwisti 'hökümete garşy bolmakda' aýyplaýar


Türkmen aktiwisti hakykatyň öz ornuny tapjakdygyny aýdýar. Stambul, Ýaşylköý mähellesiniň polisiýa bölümi. 19-njy iýul, 2020.

19-njy iýulda, Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde türkmen häkimiýetlerine garşy guralan protest çäresiniň guramaçylarynyň biri Dürsoltan Taganowanyň tussaglykda oturanyna bazar güni, 26-njy iýulda bir hepde bolýar.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri Stambulda, koronawirus aladalary esasynda, türkmen häkimiýetlerine garşy protest çäresini gurnadylar.

Bu ýygnanyşyk türk polisiýasy tarapyndan dargadyldy we 80-den gowrak aktiwist gysga wagtlyk tussag edildi. Ýöne bir aktiwist, Türkmenistanyň Demokratik saýlawy (TDS) hereketiniň Stambuldaky bölüminiň ýolbaşçysy azatlyga goýberilmedi.

Protest çäresiniň polisiýa tarapyndan togtadylmagynyň sebäbi olaryň öňünden häkimiýetlerden rugsat almazlygy, şol sanda Stambuldaky türkmen konsullygynyň aktiwistlerden şikaýat etmekleri bilen düşündirilýär.

TDS-nyň egindeş başlygy Myrat Gurbanow polisiýanyň konsullygyň aktiwistlerden abanýan fiziki howp barada eden şikaýatyny derňändigini we ony esassyz tapandygyny, tussag edilen aktiwistleriň birinden özgesiniň boşadylandygyny gürrüň berdi.

D.Taganowanyň tussaghanada saklanmagynyň sebäbi onuň pasport, wiza möhletleriniň dokuz ýyl ozal geçmegi bilen bagly diýip, M.Gurbanow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkiýede 300 müňden gowrak türkmenistanly pasportlarynyň we wizalarynyň möhletlerini uzaldyp bilmän, bikanun ýagdaýda ýaşaýar we muňa türkmen häkimiýetleriniň pasport möhletlerini uzaltmak işini aşa kynlaşdyrmagy sebäp bolýar.

M.Gurbanow Dürsoltan Taganowanyň 20-nji iýuldan bäri deportasiýa lagerinde oturandygyny, suduň deportasiýa etmek hökümini çykarmandygyny we aklawçylaryň onuň haýal etmän boşadylmagy ugrundaky tagalla edýändiklerini aýtdy.

Şeýle-de ol türkmen konsulynyň täzeden arza ýazyp, tussagdaky aktiwisti mitingiň guramaçysy, türkmen hökümetine garşy çykýan raýat hökmünde aýyplandygyny sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG