Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan türkmenleriniň medeni we jemgyýetçilik guramalary Kabulda ýygnak geçirdi


Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen diasporalarynyň, etniki türkmenleriň durmuşy barada gepleşikleri hödürlemäge dowam edýär.

Gepleşigiň bu sany Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň öz hukuklaryny goramak ugrunda alyp barýan tagallalaryndan söhbet açýar.

23-nji iýulda Owganystanyň paýtagty Kabulda ýurtda hereket edýän türkmen guramalary “Ýoly aç, ýa-da ýoldan gaç” atly ýygnak geçirdi.

Bu ýygnaga owgan türkmenleriniň medeni we jemgyýetçilik birleşmeleri guramaçylyk etdi.

Bu möhüm çäräniň baş maksady näme? Onuň guramaçylygyna başga kimler gatnaşdy? Ýygnakda nähili meseleler gozgaldy?

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany şeýle soraglaryň jogaplary bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň ýygnakdan habarly Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Owgan türkmenleriniň medeni we jemgyýetçilik guramalary Kabulda ýygnak geçirdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG