Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habarowskde müňlerçe adam Kremle garşy protestleri dowam etdirýär


RTVi teleýaýlymynda baş prodýuser bolup işleýän meşhur rok sazandasy Sergeý Şnurow. 27-nji iýul, 2020 ý.

Müňlerçe adam Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäheriniň merkezi meýdanynda ýygnanyp, sebitiň häkimi Sergeý Furgalyň boşadylmagyny we yzyna gaýdyp gelmegini talap etdi.

9-njy iýulda Habarowskde tussag edilip, Moskwa alnyp gidilen Furgal adam öldürmek synanyşygynda we 2004-2005-nji ýyllarda iki adamy öldürmäge buýruk berenlikde aýyplanýar. Onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

Aýyplamalary ret edýän Furgal iki ýyla golaý ozal geçirilen saýlawlarda Kremle tarapdar dalaşgäri ýeňdi.

Demonstrantlar 600 müň ilaty bolan bu şäherde iki hepdeden gowrak wagt bäri ýöriş geçirýärler. Olaryň gahar-gazaby artyp, demonstrantlar Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň işinden çekilmegini hem talap edýärler.

Resmileriň koronawirus aladalary sebäpli adamlara biri-birinden uzak aralykda durmak barada edýän çagyryşlaryna garamazdan, 25-nji iýulda takmynan 50 müň adam köçelerde ýygnandy.

Häzirki wagtda RTVi teleýaýlymynda baş prodýuser bolup işleýän meşhur rok sazandasy Sergeý Şnurow 27-nji iýulda demonstrantlara goşuldy we özüniň hem-de toparynyň protestler barada dokumental film düşürýändigini aýtdy.

Protestçiler Şnurowy dürli reaksiýalar bilen garşy aldylar. Olaryň käbiri tanymal sazanda bilen surata düşdi, beýlekiler ony sebitiň täze bellenen häkimi Mihail Degtyarýowa kömek etmäge synanyşmakda aýyplady.

Mundan bir gün öň Degtyarýow protestçileriň käbiri bilen ilkinji gezek gürleşdi. Degtyarýow 20-nji iýulda bu wezipä bellendi.

Ol Furgal ýaly Russiýanyň milletçi Liberal demokratik partiýasynyň agzasy bolsa-da, hiç wagt Habarowskde ýaşamady.

Şeýle-de 27-nji iýulda dowam edýän Furgala tarapdar protestleriň ilkinji gatnaşyjysyna jerime salyndy.

Libertarian partiýasynyň Habarowskdäki bölüminiň başlygy Artýom Mozgow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Merkezi etrap kazyýetiniň özüni köpçülikleýin ýygnanyşyklar baradaky düzgünleri bozmakda günäli tapandygyny we özüne 10 müň rubl ($140) jerime salandygyny aýtdy.

27-nji iýulda oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň “YouTube” kanalynyň alyp baryjysy Dmitriý Nizowtsew geçen hepde özüniň näbelli hüjümçiler tarapyndan ýenjilmegi barada Habarowsk polisiýasynyň derňew başladandygyny aýtdy.

2018-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Habarowskiň ýaşaýjylarynyň aglabasy Furgala ses berip, ony sebitiň häkimi wezipesine saýladylar we ol dolandyryjy Birleşen Russiýa partiýasyna wekilçilik edýän uzak wagtlyk häkimiň ornuny aldy. Furgalyň garaşylmadyk ýeňşi Birleşen Russiýa partiýasyna zarba bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG