Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda irki ses berişlik wagtynda garaşsyz saýlaw gözegçileri saklandy


Belarusda geçirilýän prezident saýlawynda polisiýa ofiseri saýlaw kabinasyndan çykkyp barýar. Hlybokaýe şäherçesi, 4-nji awgust, 2020 ý.
Belarusda geçirilýän prezident saýlawynda polisiýa ofiseri saýlaw kabinasyndan çykkyp barýar. Hlybokaýe şäherçesi, 4-nji awgust, 2020 ý.

Belarusyň prezident saýlawynda deslapky ses berişlige gözegçilik edýän hem-de ýurduň saýlaw kanunynda ýol berlen ençeme düzgün bozmalary dokumentleşdiren garaşsyz synçylar ýurt boýunça saklandy.

Çarşenbe güni “Dogruçyl adamlar” atlandyrylýan saýlaw gözegçilik kampaniýasy deslapky ses berişligiň ilkinji güni, 4-nji awgustda Minskde we beýleki şäherlerde saýlaw kanunynyň 2,056 gezek bozulmagyny hasaba alandyklaryny aýtdy.

Kampaniýa garaşsyz synçylaryň saýlaw uçastoklaryna goýberilmezligi, saýlaw gutularyndaky sesleriň sanalmagyndan ozal, olaryň dogry möhürlenendigine gözegçilik edilmegine ýol berilmezligi ýaly kanun bozmalary hasaba alandyklaryny aýtdy.

5-nji awgustda “Adalatly saýlaw üçin adam hukuklaryny goraýjylar” kampaniýasy polisiýanyň tutuş ýurt boýunça saýlaw uçastoklarynda garaşsyz synçylary saklandygyny aýtdy.

Topar saýlaw işgärleriniň polisiýa jaň edip, synçylaryň saýlaw prosesine “gatyşýandygyny” öňe sürendiklerini aýtdy.

Minskde aktiwistler Inna Dabratwor, Natallýa Mankouskaýa, Andreý Kýaşnýuk we Halina Mahuçaýa ýaly saýlaw synçylary, şeýle-de gündogar Witebsk şäherinde şahsyýeti anyklanmadyk ýene iki garaşsyz synçy saklandy.

Saýlaw synçysy Ýarlasau Nýadasekin hem Minskiň golaýyndaky Smalýawiçy şäherçesinde saklandy.

“Ses bermek hukugy – 2020” saýlaw gözegçilik topary Minskde we beýleki şäherlerde öz synçylaryna saýlaw uçastoklaryna girmäge rugsat berilmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG