Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada galanlaryň hossarlary Gyrgyzystanyň hökümetine ýene ýüz tutýarlar


Siriýada galan gyrgyzystanlylaryň ýakynlary Bişkekde aksiýa geçirdiler. Olar öz ýakynlarynyň öýlerine dolanmagy üçin, hökümetden kömek soraýarlar. 2020-nji ýylyň 3-njy awgusty.
Siriýada galan gyrgyzystanlylaryň ýakynlary Bişkekde aksiýa geçirdiler. Olar öz ýakynlarynyň öýlerine dolanmagy üçin, hökümetden kömek soraýarlar. 2020-nji ýylyň 3-njy awgusty.

3-nji awgustda Bişkek şäherinde, Urkuýa Saliýewanyň ýadygärliginiň alnyna ýygnananlar, Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidenti Sooronbaý Žeýenbekowa ýüzlenip, Siriýada galan aýallaryň ýurda dolanyp gelmegini soradylar.

Siriýada galanlaryň Gyrgyzystandaky hossarlary paýtagtda aksiýa geçirdi.

Kara-Balta şäheriniň ýaşaýjysy Ramas Sariýewiň iki gyzy 2014-nji ýylda Siriýa gidipdi. Indi olaryň her biriniň iki çagasy bar. Ramasyň göwreli aýaly gyzlaryny yzyna dolamak üçin, Siriýa gitdi, şol ýerde hem ol çaga dogurdy.

Häzirki wagtda Ramas Sariýewiň aýaly hem iki uly gyzy bilen kiçi ýaşly çagasy, onuň dört agtygy ol ýerdäki «Rož» bosgunlar lagerinde bolýar. Ramas golaýda Internet arkaly maşgalasy bilen habarlaşyp bilendigini aýdýar.

– Olara suw hem azyk-iýmit ýetmeýär. Olar çöl şertlerinde çadyrlarda ýaşap, agyr kynçylygy başdan geçirýärler. Aýallar bilen çagalarda näme günä bar? Ol lageri kürt harbylary goraýarlar. Olar biziňkileri öldüribem bilerler. Biz baryndan beter şondan gorkýarys. Biz häzir gyzlarymyzy aldap, ol ýere äkiden adamlar barada gürrüň edemizok. Olaryň köprägi eýýäm öldi. Lagerlerde diňe aýallar hem çagalar saklanýar. Eger biziň çagalarymyz nämedir bir zatda günäli bolsalar, olary Gyrgyzystanyň kanuny boýunça jogapkärçilige çekip bilerler. Iň esasy zat – olary aman-esen ýurda getirseler bolany – diýip, ata aýdýar.

Bosgunlaryň köprägi Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen el-Hasaka administratiw merkezindäki «Al-Hol» lagerinde saklanýar.

Ol lager 11 müň adama niýetlenipdi, häzir bolsa ol ýerde 73 müň çemesi bosgunyň saklanýandygy aýdylýar. Olardan 94% aýallar hem çagalar. Ol ýerde bolýanlaryň öz hossarlaryna aýtmagyna görä, lagerde türme düzgüni dowam edip, düzgüni bozanlara fiziki jeza berilýär.

Siriýadaky «Al-Hol» lageri. 2016-njy ýylyň 16-njy oktýabry.
Siriýadaky «Al-Hol» lageri. 2016-njy ýylyň 16-njy oktýabry.

Siriýa bilen Türkiýäniň araçägine golaýlykda ýerleşýän ol lagerde 100-den gowrak gyrgyzystanlynyň bardygy aýdylýar. Olaryň her birinde azyndan iki çaga bolmaly. Çagalaryň köpüsi Siriýada doglupdyr.

Şol bosgunlaryň ýakynlary soňky ýyllarda Gyrgyzystanyň hökümetine ýüz tutup, öz ýakynlarynyň hem çagalarynyň ýurda getirilmegi üçin kömek soraýarlar.

Ažar Akunowa öz aýal doganynyň ýurda dolanmagyna sabyrsyz garaşýar. Ol hökümete ýüzlenip, şulary diýdi.

– Men hökümetden biziň ýakynlarymyzyň Siriýadan dolanyp gelmegini soraýaryn. Siziň çagalaryňyz öz ýanyňyzda, eger olar biziň doganlarymyz ýaly bolup, uruş gidip duran ýerde galsa näme ederdiňiz? Siz biziň ýagdaýymyza düşünmäge çalşyň hem biziň hossarlarymyzyň ýurda dolanmagyna kömek ediň. Men sizden başga nähili sorajagymy bilemok. Sooronbaý Şaripowiç, siz 2020-nji ýyly Çagalary goldamagyň ýyly diýip, ýönelige aýdan dälsiňiz ahyryn. Şol inisiatiwanyň çäginde ýalan aldaw bilen Siriýa äkidilen biziň ýakynlarymyzy Gyrgyzystana getiriň. Biz näme etjegimizi we kime ýüzlenjegimizi bilemzok – diýip, ol aýdýar.

Gyrgyzystan Respublikasynyň hökümeti 2019-njy ýyldan bäri Siriýada galan çagalary ýurda gaýtarmak işine girişdi. Şol wagtda daşary işler ministri Çyňgyz Aýdarbekow ýurduň hökümetiniň gyrgyzystanlylary ýurda dolamak barada, Siriýanyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirýändigini aýdypdy.

Şol başlanan işiň çäginde işçi topary döredilip, olar Gyrgyzystanyň graždanlaryny Siriýadan hem Yrakdan alyp çykmak barada hereket etdiler. Şol wagtda Çyňgyz Aýdarbekow ýakyn günlerde Bagdatdan 70 çemesi gyrgyzystanly çaganyň getiriljekdigini aýdypdy. Ýöne ol iş başa barmady, onuň näme üçin bolmandygyny hiç kim düşündirmedi.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-gullugynyň ýolbaşçysy Ulanbek Dyýkanbaýew bu ýagdaýy «graždanlaryň howpsuzlygy üçin, informasiýa berilmeýär» diýip düşündirdi.

Gyrgyzystana goňşy bolan Gazagystan, Täjigistan hem Özbegistan şeýle işi amala aşyryp, ekstremistik toparlara goşulyp giden öz graždanlaryny hem olaryň çagalaryny ýurduna getiripdi. Döwlet Howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň öňki orunbasary Artur Medetbekow garaşsyz döwlet öz graždanlaryny daşarda galdyrmaly däl diýip hasap edýär.

– Eger biz häzir öz watandaşlarymyza hem olaryň çagalaryna kömek goluny uzatmasak, bu geljekde ýaramaz netijelere alyp barar. Owaly bilen 400 çemesi gyrgyzystanlynyň çagalaryň häzirki şertlerde soňlugy bilen ýaragly terrorçy toparlara goşulmajagyna kepillik ýok. Ikinjiden, ol ýerde galan ildeşlerimiziň başdan geçirýän ýagdaýy Gyrgyzystanyň dünýädäki abraýyna şek ýetirýär. Sebäbi biz döwlet bolup oturan ýagdaýymyzda, hiç bir graždanymyzdan ýüz öwrüp bilmeris. Ähli goňşy döwletler öz graždanlaryny getirdiler. Olar getirilenden soň, ählisini medisina barlagyndan geçirmeli, psihologlar bilen işleşmeli bolar. Mundan daşary-da, ýörite gullugyň işgärleri örän dykgatly derňew işini alyp baryp, olara öz hakyky bahasyny bermekleri gerek – diýip, Artur Medetbekow aýdýar.

Şol wagtyň özünde jemgyýetçilikde uruş barýan ýurtlara giden gyrgyzystanlylary ýazgaryp: “olary gitmäge hiç kim mejbur etmändi, şeýle durmuşy olaryň özleri saýladylar” diýýänlerem bar.

Döwlet Milli howpsuzlyk komitetiniň 2018-nji ýylda beren maglumatyna görä, Siriýadaky uruş barýan ýerlere 800 çemesi gyrgyzystanly gidipdir. Olardan 200-den gowragy şol ýerde ölüpdir. 140 çemesi gyrgyzystanly aýal “yslam döwleti” toparyna goşulypdyr.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG