Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pompeo belarus halky üçin “gowy netije” getirjek ABŞ çärelerini wada berýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Belarusda geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlary we onuň yz ýany parahat protestçileri polisiýanyň basyp ýatyrmagy barada 12-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Pragada beren interwýusynda:

“Biz belarus halky üçin gowy netije isleýäris hem-de biz muňa laýyklykda çäreleri göreris” diýdi.

Awtoritar prezident Alýaksandr Lukaşenkany altynjy möhlete bu wezipä getiren 9-njy awgust saýlawlarynyň geçirilişini mundan ozal ýazgaran Pompeo “biz zorluga we onuň netijelerine syn etdik, parahatçylykly protestçilere olara mynasyp däl usullar bilen çemeleşildi” diýdi.

Oppozisiýanyň “galp” atlandyran saýlawlary tapgyr üç agşam geçirilen köpçülik protestlerine ýol açdy, polisiýanyň zorlugy we müňlerçe tussag etmeler protestlere kölege saldy.

Pompeo Birleşen Ştatlaryň heniz takyk jogaby kesgitlemändigini, ýöne görüljek çäreler babatynda Waşingtonyň ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlejekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG