Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilatdan maska geýmek we sosial aralygy saklamak barada dilhat alynýar


Illýustrasiýa suraty. Oturgyçda oturan maskaly adamlar. Aşgabat. Awgust, 2020.
Illýustrasiýa suraty. Oturgyçda oturan maskaly adamlar. Aşgabat. Awgust, 2020.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň işgärleri hojalyklara aýlanyp, ýaşaýjylardan maska geýmek, öýde galmak we sosial aralygy saklamak barada mejbury dilhat alýar. Bu barada turkmen.news neşiri 17-nji awgustda habar berdi.

Hata gol çekmek bilen ýaşaýjylar özlerinden edilýän talaplary berjaý etmäge, şol sanda azyk harytlaryny we derman serişdelerini satyn almakdan daşgary sebäpler boýunça daşary çykmazlyga borçlanýar.

Dilhatyň nusgasyndan mälim bolşuna görä, ýaşaýjylardan edilýän bu talaplar “dünýäde ýüze çykan ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan gaýragoýulmasyz çäreleri berjaý etmek” hem-de howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsiriniň öňüni almak bilen bagly welaýat häkiminiň çykaran bir buýrugyny berjaý etmek maksady bilen edilýär.

Dilhat koronawirus sözüni agzamaýar, şeýle-de onda edilýän talaplar koronawirus keseliniň ýaýramagyny haýallatmak üçin dünýäniň ençeme ýurdunda girizilen karantin düzgünlerine gabat gelýär.

Bu aralykda, 17-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinde häkimiýetleriň ýaşaýjylardan maska režimine uýmagy berk talap edýändigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şäherde bir awtobus aýlanyp, maska geýmek düzgünini berjaý etmeýän pyýadalary, çagalary, sürüjileri, hatda olar ulaglarynda ýeke oturan hem bolsalar, ýygnaýar.

Ýol polisiýasy maskasyz sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalaryny alyp, olardan agşam sagat 6-da Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna barmagy talap edýär.

“Haçan-da meniň bir tanşym agşam sagat 6-da PÝGG-a baranynda, ol ýerde özi ýaly 300 töweregi adamyň ýygnanandygyny görýär. [Ýol polisiýasy] olar bilen maska düzgüniniň bozulmagy barada gürrüňdeşlik geçmek isläpdir” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, soňra PÝGG-nyň bir işgäri adamlara olaryň maska geýmeýändikleri üçin jerime ýazmaga ‘görkezmäniň ýokdugy’ sebäpli, sürüjileriň käbirine ‘apteçka ýok’, käbirine ‘ýangyn söndüriji ýok’ diýen bahanalar bilen jerime ýazýar. Ýöne sürüjileriň arasyndan 20 töweregi adam özlerine haýsy düzgüni bozan bolsalar, şonuň esasynda, ýagny maska geýmek düzgüniniň esasynda jerime ýazylmagyny talap edýär.

“Soňra şol 20 töweregi adam welaýat prokuraturasyny äkidildi. Olar soňra ýene PÝGG-a getirildi. Soňra hemmesine maska geýmeklik barada duýduryş berip, sürüjilik şahadatnamalaryny gaýtaryp berdiler we olary goýberdiler” diýip, habarçy aýtdy.

“Galanlaryna bolsa, olaryň bozmadyk düzgünleri boýunça jerime ýazdylar” diýip, ol sözüne goşdy.

Mundan ozal, 12-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Baýramalyda ýol polisiýasynyň we döwlet salgyt gullugynyň işgärleriniň maska geýmedik sürüjilere ýörite protokol dolduryp, 60 manat möçberinde olara jerime salýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 12-nji iýulda we 13-nji iýulda yzly-yzyna iki gezek maglumat ýaýradyp, ilata “tozan sebäpli” maska geýmegi maslahat berdi. Onuň ýerine ýetirilişine ýurduň kanun goraýjy edaralary we harbylar gözegçilik etdi. Galyberse-de, saglyk ministrligi “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasynyň üsti bilen azyndan iki gezek ýurt raýatlaryna maska geýmegi we sosial aralygy saklamagy maslahat berip, SMS ugratdy.

Içeri işler ministrliginiň işgärleri ýurtda maska talabynyň güýjemeginden bäri, ony berjaý etmeýän adamlara 60 manat möçberinde jerime salýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary yzygiderli habar berip gelýär.

12-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gelip gowşan wideoda bir awtobus duralgasyna çalym edýän ýerde iki polisiýa işgäriniň maska režimine edýän gözegçiligi görkezilýär.

18-nji awgustda habarçymyz Mary şäherinde döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän çörek nobatlarynda maska geýmek hem-de sosial aralygy saklamak düzgünleriniň berjaý edilişine polisiýa işgärleriniň gözegçilik edýändigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG