Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus paýtagtynda protestçiler ýörişlerini dowam etdirýärler


17-nji awgustda Minskde geçirilen ýörişde adamlar öňki dalaşgär Swýatlana Tihanowksaýanyň porteri çekilen baýdak göterdiler. Minsk. 17-nji awgust, 2020 ý.
17-nji awgustda Minskde geçirilen ýörişde adamlar öňki dalaşgär Swýatlana Tihanowksaýanyň porteri çekilen baýdak göterdiler. Minsk. 17-nji awgust, 2020 ý.

17-nji awgustda Minskde müňlerçe demonstrant belarus lideri Alýaksandr Lukaşenka garşy tapgyr dokuzynjy gije ýygnandy. Şol gün irden Lukaşenka konstitusiýa üýtgetmeler girizilen halatynda täze prezident saýlawlarynyň geçirilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Minskiň Garaşsyzlyk meýdanyna ýygnanan birnäçe müň protestçi oppozisiýanyň ak-gyzyl baýdagyny galgadyp, Lukaşenkanyň işden çekilmegine çagyryş etdiler.

65 ýaşly lideriň sözi onuň bir döwür ykdysady modeliniň nusgasy hasaplanan döwlet eýeçiligindäki iri traktor zawodynyň işçileriniň öňünde eden çykyşynda kesilenden soň, protestçiler basyşa dowam etdirdiler.

“Bize täze konstitusiýa kabul etmek zerurdyr. Ony referendum arkaly kabul etmelidir we täze konstitusiýa laýyklykda, isleseňiz, parlament saýlawlaryny-da, prezidentlik saýlawlaryna-da geçiriň, şol sanda ýerli dolandyryş edaralary üçin saýlawlary-da” diýip, Lukaşenka aýtdy.

Lukaşenkanyň edýän eglişigi oňa edilýän basyşlaryň nä derejede güýçlenendigini görkezýän iň açyk alamatlaryň biridir. 9-njy awgustda geçirilen saýlawyň netijesi oňa sesleriň 80 prosentden gowragyny berdi. Bu sanlar dessine ýurduň içinde we daşynda ses berişligiň galplaşdyrylmagy babatynda çagyryşlara ýol açdy.

Şeýle-de, demonstrantlar 17-nji awgustda giçlik oppozisiýa liderleriniň we protestçileriň goýberilmegini talap etmek üçin iki deslapky tussaghana ýörediler. Polisiýa basyp ýatyrmalarynda müňlerçe adam tussag edildi we azyndan iki adam öldi, boşadylanlaryň köpüsi tussaglykdaky aýylganç şertlerden we urlup-ýenjilmelerden şikaýat etdiler.

Belarus lukmany Sýarheý Boýko Okrestsin tussaghanasynda özüniň geçiren günleri barada “Häzirki zaman” kanalyna gürrüň berdi.

“Birinji gije meniň saklanan kameramda 30-35 adam bardy” diýip, Boýko AÝ/AR-yň “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda ýöredýän rus dilli “Häzirki zaman” kanalyna gürrüň berdi. “Kamera alty adam niýetlenendi” diýip, ol aýtdy.

Protestlerden başga-da, 16-njy awgustda 100 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda Minskde uly oppozisiýa ýörişi geçirilenden soň, birnäçe zawodda iş taşlaýyş boldy we döwlet telewideniýesiniň işgärleri işden çykdylar.

17-nji awgustda demonstrantlar döwlet telewideniýesiniň Minskdäki baş binasynyň daşyna ýygnandylar. Ýerli media ol ýerde 600 adamyň iş taşlaýyşa gatnaşandygyny habar berdi.

Sürgündäki oppozisiýa syýasatçysy Swýatlana Tihanowskaýa 16-njy awgustda Internete ýerleşdirilen bir wideoda, özüniň syýasat bilen meşgullanmagy hiç haçan planlaşdyrmandygyna garamazdan, ýurda ýolbaşçylygy wagtlaýyn öz üstüne almaga taýýardygyny aýtdy.

“Ýurduň kadalaşyp, adaty durmuşa dolanmagy üçin men milli lider hökmünde jogapkärçiligi öz üstüme almaga taýýar” diýip, Tihanowskaýa wideo çykyşynda aýtdy.

Beýleki potensial dalaşgärleriň, şol sanda öz adamsynyň tussag edilmeginden soň prezidentlige dalaş eden 37 ýaşly öwrenje syýasatçy eger-de howpsuzlyk we kanun goraýjy işgärler taraplaryny üýtgedip, Lukaşenkanyň hökümetini goldamagyny bes etseler, onda olaryň ozalky etmişleriniň bagyşlanjakdygyny hem aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 19-njy awgustda Belarus boýunça gyssagly wideoduşuşyk meýilleşdirýär. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň wakalary “ýakyndan yzarlaýandygyny” aýtdy we olary “aýylganç ýagdaý” diýip, häsiýetlendirdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Belarus saýlawlaryna “hem-de parahatçylykly protestçilere garşy nälaýyk güýç ulanylmagyna, giň ýaýran tussag etmelere we howpsuzlyk güýçleriniň gynamalaryna we sütemlerine” alada bildirdi.

ÝHHG öz beýanatynda iki tarapyň arasynda gepleşiklere girişmek üçin Belarus hökümetine "resmi teklip" berendigini aýtdy.

Kanadanyň daşary işler ministri Francois-Philippe Champagne Ottawanyň “parahatçylykly protestçileriň basylyp ýatyrylmagyny” ýazgaran we “erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmegini talap edip, “galp saýlawlary” ret eden ýurtlaryň horuna goşulandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol öz beýanatynda ÝHHG-niň üsti bilen “düýpli derňew geçirilmegine” çagyrdy.

Bu aralykda, Germaniýa hökümetiniň metbugat sekretary 9-njy awgustdan bäri kansler Angela Merkel bilen Lukaşenkanyň arasynda telefon söhbetdeşliginiň geçirilmändigini aýtdy. Bu ondan ozal Lukaşenkanyň aýdanlaryna ters geldi.

Lukaşenka protestleriň we iş taşlaýyşlaryň arasynda 16-njy awgustda Merkelden telefon jaňyny kabul edendigini aýtdy diýip, 17-nji awgustda “Interfaks” habar agentligi habar berdi.

“Merkel maňa jaň etdi, ‘gürleşmek isleýän” diýdi. [Litwanyň prezidenti Gitanas] Nauseda dagylar we beýlekiler... ‘Biz gürleşmek isleýäris’ diýýärler. Isle Günbatardan boluň, isle-de Gündogardan, maňa basyş etmäge synanyşmaň!” diýip, Lukaşenka 17-nji awgustda Minskiň traktor zawodynda eden çykyşynda aýtdy. Bu çykyşda onuň sözi kesilipdi.

“Saýlawlardan bäri Merkel bilen Lukaşenkanyň arasynda beýle söhbetdeşlik geçirilmedi” diýip, Germaniýa hökümetiniň metbugat sekretary aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG