Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa syýasatçysy ‘milli lider’ bolmaga taýýardygyny aýdýar, Lukaşenkanyň sözi kesilýär


Alýaksandr Lukaşenka
Alýaksandr Lukaşenka

“Galplaşdyrylan” saýlawlara protest bildirmek üçin Belarus boýunça müňlerçe zawod işçisi iş taşlaýyş yglan etdi. Olaryň käbirleri prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň sözüni kesýän wagty, ol täze saýlaw geçirmek babatynda edilýän çagyryşlary ret etdi.

Lukaşenka ýurda ýolbaşçylyk etmäge taýýardygyny aýdan oppozisiýa syýasatçysy Swýatlana Tihanowskaýa beren jogabynda, ýurtda ýene bir saýlaw geçirmegi düýbünden ret etdi, ýöne ol 26 ýyl ýurdy dolandyrandan soň, häkimiýeti bölüşmek niýetini yşarat etdi. Emma munuň köçe protestleriniň basyşy astynda amala aşyrylmajakdygyny belledi.

“Meniň haýsydyr bir zady basyş astynda eden günümi görmersiňiz!” diýip, Lukaşenka 17-nji awgustda traktor zawodyna eden saparynda işçilere aýtdy, ýöne “meni öldürseňizem”, saýlawlar täzeden geçirilmez diýdi.

Işçileriň köpüsi “Işden çekil!”, “Terk et!” diýip, gygyrdy.

Ýöne, Lukaşenkanyň häkimiýeti paýlaşmagyň haýsydyr bir görnüşine ýol açmak üçin konstitusiýa üýtgetmelerine garamak baradaky eglişigi, 65 ýaşly lidere edilýän basyşlaryň nä derejede güýçlenendigini görkezýän iň açyk alamatlaryň biri boldy. 9-njy awgustda geçirilen saýlawyň netijesi oňa sesleriň 80 prosentden gowragyny berdi. Bu sanlar dessine ýurduň içinde we daşynda ses berişligiň galplaşdyrylmagy babatynda aýyplamalara ýol açdy.

Tihanowskaýanyň “milli lider bolmaga” taýýardygyny aýdyp, täze saýlaw geçirmäge çagyrmagyndan birnäçe sagat soň, Lukaşenka Minsk traktor zawodynyň işçileriniň öňünde çykyş etdi.

Bir hepde mundan ozal Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä getiren saýlawlaryň yzýany Litwa giden Tihanowskaýa 16-njy awgustda YouTube ulgamynda çap edilen wideo-ýüzlenmesinde ýurtda täze adalatly saýlawlaryň geçirilmegi üçin kanuny binýady işläp düzmäge çagyrdy.

Tihanowskaýa eger-de howpsuzlyk we kanun goraýjy işgärleri taraplaryny üýtgedip, Lukaşenkanyň hökümetini goldamagyny bes etseler, onda olaryň ozalky etmişleriniň bagyşlanjakdygyny hem aýtdy.

“Ýurduň kadalaşyp, adaty durmuşa dolanmagy üçin men milli lider hökmünde jogapkärçiligi öz üstüme almaga taýýar” diýip, Tihanowskaýa wideo çykyşynda aýtdy.

Bir hepdelik köpçülikleýin protestler we iş taşlaýyşlar Lukaşenkanyň dolandyryşyna iň uly kynçylyk döretdi, döwlet zawodlarynyň işgärleri ýöriş gurady we käbir polisiýa işgärleri, döwlet metbugat işgärleri we wezipe başyndaky bir belarus ilçisi demonstrantlary goldap çykyş etdi.

Lukaşenka 17-nji awgustda häkimiýet başynda galmak üçin göreşe dowam etdi. Ol bir gün ozal öz tarapdarlarynyň oppozisiýanyň geçiren has iri demonstrasiýalaryna bäs gelmek üçin Minskde geçiren ýörişinde çykyş etdi.

Saýlawdan soňky basyp ýatyrmalarda belarus milisiýasy 7 müň töweregi adamy saklady, ýüzlerçe adam ýaralandy we azyndan iki adam öldi. Munuň yzýany boşadylan ýüzlerçe adam tussaglykda wagtlary özleriniň urlup-ýenjilendigini aýtdylar.

Döwlet eýeçiligindäki zawodlaryň işçileriniň, Lukaşenkanyň esasy goldawçylarynyň iş togtatmagyndan üç gün soň, 17-nji awgustda oppozisiýa umumy iş taşlaýyşa çagyrdy.

Bu çagyryşa Minskiň golaýyndaky Žodzina şäheriniň BelAZ zawodynyň işçileri hem goşuldy. Olar öz talaplary kärdeşler arkalaşygy tarapyndan ýazylyp, ýolbaşçy düzüme gowşurylmasa näbelli möhlete çenli iş taşlaýyşa başlajakdyklaryny aýtdylar. Olaryň öňe sürýän talaplarynyň arasynda Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegi we täze saýlawyň geçirilmegi hem bar.

“Naftan” nebit-himiýa toplumynyň işgärleri we dünýäniň iň iri kaliý öndürijileriniň biri bolan “Belaruskali” zawodynyň işgärleri hem birmeňzeş talaplar bilen çykyş etdiler.

16-njy awgustda Minskde oppozisiýa Lukaşenkanyň dolandyryşy döwründe iň uly ýygnanyşygyny geçirdi.

Käbir habarlara görä, şäheriň Ýeňiş meýdanyna azyndan 100 müň protestçi ýygnandy. AÝ/AR ýygnananlaryň anyk sanyny garaşsyz tassykladyp bilmedi.

Belarusda protestler tapgyr 5-nji gije dowam etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:56 0:00

Protestçiler oppozisiýanyň ulanýan gyzyl we ak reňkdäki baýdagyny göterip çykyş etdiler. Olar Lukaşenkany wezipeden çekilmägi we syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar.

Bu ýöriş Lukaşenka goldaw bildirilip, 2 kilometr aradaşlykda iki sagat ozal başlanan iri demonstrasiýa bilen bäsleşdi.

Lukaşenka ol ýerde ýygnanan mähellä, Içeri işler ministrligi ýygnananlaryň 65 müň adamdygyny çaklaýar, NATO tanklarynyň we uçarlarynyň belarus serhedinden 15 minut aradaşlyga ýerleşdirilendigini aýtdy. Soňra NATO-nyň metbugat sekretary Gündogar Ýewropada nähilidir bir harby goşun ýygnamak işlerini ret etdi.

Şeýle-de, belarus prezidenti “sesleriň 80 prosentini galplaşdyrmagyň mümkin däldigini” aýtdy.

Ol özüniň wezipeden çekilmegini we saýlawlaryň gaýtadan geçirilmegini talap edýänlere asla boýun synmajakdygyna ant etdi: “Eger-de kimdir biri ýurdy boýun egdirjek bolsa, men oňa ölsem-de ýol bermerin” diýdi.

Lukaşenkanyň köpçülige ýüzlenmeginden ozal, Kreml rus prezidenti Wladimir Putiniň Lukaşenka bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, ony, eger zerur bolsa, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň şertlerine laýyklykda ýardam bilen üpjün edip biljekdigini aýdandygyny mälim etdi, hem-de Belarusyň nämälim daşarky basyşlara duçar bolýandygyny öňe sürdi.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 19-njy awgustda Brýusselde krizisi ara alyp maslahatlaşarlar. Bileleşige üç agza ýurt Belarus bilen serhetleşýär.

“Belarus halkynyň öz geljegi barada karar bermäge we öz liderini erkin saýlamaga hukugy bar” diýip, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel Twitterde ýazdy. “Protestçilere garşy zorluk kabul ederliksizdir we muňa rugsat berip bolmaz” diýip, ol aýtdy.

Geçen hepde, ÝB-niň daşary işler ministrleri saýlaw galplygyndan we polisiýa zorlugyndan jogapkär belarus resmilerine garşy sanksiýa girizmek taýýarlyklaryna başlamak boýunça ylalaşdy.

Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus 17-nji awgustda Russiýanyň Belarusa harby ýardamynyň “basyp alyşa” barabardygyny aýtdy.

Germaniýanyň maliýe ministri Olaf Şoltz Russiýa Belarusa gatyşmazlygy duýduryş berdi.

Şol bir wagtyň özünde Germaniýanyň wise-kansleri bolan Şoltz Lukaşenkany diktator atlandyrdy we onuň öz halkynyň goldawyny ýitirendigini aýtdy.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Dominik Raab 17-nji awgustda Lukaşenkanyň gaýtadan saýlanmagyna “galp” diýdi we britan hökümetiniň saýlaw netijelerini kabul etmeýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG