Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň aeroportunda biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara goýberilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň aeroportunda biletli ýolagçylar barlaglardan geçenden soň, hiç hili düşündiriş berilmezden, uçara goýberilmeýär. Olaryň biletleri has gymmat bahadan başga ýolagçylara satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň biri 20-nji awgustda habar berdi.

"Her saparky uçardan takmynan 15-20 adamy alyp galýarlar. Bu adamlaryň ähli resminamalary we biledi bar. Koronawirus sebäpli talap edilýän saglyk resminamalary hem bar. Muňa garamazdan, hiç hili düşündiriş berilmezden, olary uçara goýbermeýärler we aeroportuň işgärleri olaryň biletlerini gymmat bahadan täzeden satýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, uçara goýberilmeýän ýolagçylar munuň sebäplerini sorap, aeroportuň dürli ýerindäki resmilere, şol sanda administrasiýa ýüzlenýärler. Ýöne olara hiç hili düşündiriş berilmeýär.

"Adamlar gohlaşýarlar. Adamlaryň arasynda bolýan zatlara düşünmän, adalatsyzlyga çydaman, aglaýanlara hem duş gelse bolýar. Uçara goýberilmedik ýolagçylaryň käbiriniň bilediniň resmi bahasy yzyna berilse, käbiriniňki berilmeýär" diýip, habarçy belledi.

Habarçy bu ýagdaýyň indi ençeme gün bäri dowam edýändigini aýdyp, munuň bilen bir wagtda, aeroportda uçar biletleriniň "gara bazarynyň" emele gelendigini hem belledi.

"Uçar uçmazyndan birnäçe minut öň yzyna tabşyrylan biletleri auksiondaky ýaly kim kän pul berse şoňa satýarlar, ýagny iň köp puly beren adamlar uçara münýär. Bilediň kassadaky resmi bahasy 76 manada barabar. Ýöne ony bu bahadan tas satyn alyp bolmaýar. Saglyk baradaky ähli resminamalaryň bar bolanda, bilet 400 manatdan satylýar. Eger hiç hili saglyk resminamaň bolmasa, onuň nyrhy has ýokarlanýar. Takmynan 1000 manada ýetýär" diýip, habarçy belledi.

Uçara goýberilmedik adamlaryň ençemesi Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda indi her ýerde korrupsiýa göz ýumulýandygyny aýdyp, hatda aeroportuň polisiýa işgärleriniň-de hiç hili çäre görmeýändigini belleýär.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Marynyň aeroportundan we welaýat häkimliginden, şeýle-de polisiýa bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda hiç bir CODID-19 näsagynyň resmi hasaba alynmandygyny aýdýan bolsa-da, iýun aýynyň ahyryndan başlap ençeme çäklendirmeleri girizdiler, şol sanda welaýatlaryň arasyndaky ulag we otly gatnawyny çäklendirdiler.

Häzirki wagtda türkmenistanlylar ýurduň beýleki sebitlerine, şol sanda Aşgabada sapar etmek üçin uçar gatnawlaryny saýlap almaly bolýarlar. Bu bolsa, Azatlygyň habarçylarynyň sözüne görä, uçarda sapar etmäge isleg bildirýän adamlaryň sanynyň artmagyna we bilet ýetmezçiligine getirdi.

Şu aýyň başynda Lebapdaky habarçymyz raýatlaryň paýtagta we ýurduň beýleki sebitlerine gitmek üçin bikanun hem-de howply ýollary saýlap almaga mejbur bolýandygyny habar berdi.

"Ene-atalar çagalaryny taşlap, gazanç gözleginde transportyň häzirki hereket edýän şertlerinde sapar etmäge mejbur bolýarlar. Olar gara işçiler bolup, jaý remont etmek we hakyna çörek ýapmak işlerinde işleýärler. Bu adamlar Türkmenabat-Aşgabat aralygyndaky otlularyň ýapyk, ýük daşaýan wagonlarynda paýtagta gidýärler. Käbir adamlar konteýnerleri daşaýan ulaglarda gidip, ömrüni howp astynda goýýarlar" diýip, lebaply habarçy 10-njy awgustda gürrüň berdi.

Habarçy raýatlaryň transportuň bu usulyny saýlap alamagyna karantin çäklendirmeleriniň, şeýle-de ykdysady kynçylyklar bilen bagly maşgalalaryň güzeran eklenjiniň has-da agyrlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleri global pandemiýa bilen baglanyşykly ilatyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýän karantin çärelerini girizse-de, bu çäklendirmeleriň näçe adamyň işsiz galmagyna getirendigi baradaky sanlary mälim etmeýärler.

Bu aralykda, “Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi websaýtynda ýolagçy otly gatnawlarynyň sentýabr aýynyň 1-ne çenli duruzylandygy habar berilýär. Mundan ozal bu gatnawlaryň 15-nji awgusta çenli duruzylandygy mälim edilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG