Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebaplylar Aşgabada we Balkana gitmek üçin bikanun hem-de howply ýollary saýlamaga mejbur bolýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda global pandemiýanyň fonunda transport çäklendirmeleri dowam edýän mahaly, welaýatlardan Aşgabada we ýurduň beýleki sebitlerine gidip işleýän raýatlar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Marydan Aşgabada gitmek isleýän raýatlardan ençeme kepilnama talap edilýär. Lebapda raýatlar paýtagta we Balkana gitmek üçin bikanun hem-de howply ýollary saýlap almaga mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy Marydan we Lebapdan habar berýär.

"Mary welaýatynyň ýaşaýjylary ulag arkaly Aşgabada we beýleki welaýatlara gidip bilmeýärler. Uçar arkaly gitmek isleýän raýatlardan bolsa, kepilnamalar talap edilýär. Bu kepilnamalaryň birini degişli Saglyk öýünden, beýlekisini ýerli sanistansiýadan almaly. Üçünji kepilnamany bolsa, başga welaýatlardaky işleýän ýeriňden alyp, uçjak günüň aeroportuň işgärlerine tabşyrmaly. Bu kepilnamalar bolmasa, raýatlar uçup bilmeýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 10-njy awgustda gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda hiç bir CODID-19 näsagynyň resmi hasaba alynmandygyny aýdýan bolsa-da, iýun aýynyň ahyryndan başlap ençeme çäklendirmeleri girizdiler, şol sanda welaýatlaryň arasyndaky ulag gatnawyny çäklendirdiler.

Habarçy ýurduň beýleki sebitlerine gitmek üçin talap edilýän kepilnamalaryň üç günlük güýjüniň bardygyny aýdyp, raýatlaryň olaryň ählisini bu wagt möhletiniň dowamynda alyp ýetişmeýändigini belleýär.

"Ençeme adamyň işleýän ýeri Aşgabatda bolany sebäpli olar iş ýerlerinden kepilnamany alyp alyp bilmeýärler. Adamlar "Beýleki kepilnamalary welaýatda alyp bileris, ýöne iş ýerimizden nädip almaly? Iş ýerimiz Aşgabatda. Ol ýere gidip bilsek, size ýalbaryp durardykmy? Kepilnamany poçta arkaly iberseler, üç günde gelip ýetişmez" diýip aýdýarlar. Aeroportuň kassasyndaky işgärler "Ýaşuly bize gelen buýruk şunuň ýaly" diýip jogap berýärler" diýip, kepilnamalary almakda kynçylyk çekýän marylylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Üstesine-de, raýatlar saglyk kepilnamasyny almak üçin welaýatyň Saglyk öýleriniň öňünde-de uly nobata durmaly bolýarlar. Habarçy bu ýerde her gün onlarça adamyň nobata durýandygyny aýdýar.

Maryda raýatlar talap edilýän bu kepilnamalary öz wagtynda alyp bilmeýän mahaly, lebaplylar Aşgabada we Balkana gitmek üçin bikanun hem-de howply ýollary saýlap almaly bolýarlar.

"Ene-atalar çagalaryny taşlap, gazanç gözleginde transportyň häzirki hereket edýän şertlerinde sapar etmäge mejbur bolýarlar. Olaryň ýurduň beýleki sebitlerinde resmi işleri ýok. Olar gara işçiler bolup, jaý remont etmek we hakyna çörek ýapmak işlerinde işleýärler. Bu adamlar Türkmenabat-Aşgabat aralygyndaky otlularyň ýapyk, ýük daşaýan wagonlarynda paýtagta gidýärler. Käbir adamlar konteýnerleri daşaýan ulaglarda gidip, ömrüni howp astynda goýýarlar" diýip, lebaply habarçy 10-njy awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, her konteýner 20 adam äkidýär. Konteýneriň ortasyna adamlary mündürip, yzyna ýük ýükleýärler.

"Otlyda gidýän adamlar maşiniste 1000 manat töleýärler. Konteýnerde gidýänler bolsa, 800 manat töleýärler. Raýatlar tutulsa, olara 10 müň manat jerime salynýar. Ýük ulaglarynda adamlaryň sapar etmegi üçin şertler ýok. Käbir adamlaryň howa ýetmän, saglyk şertleriniň ýaramazlaşýandygy barada maglumatlar bar" diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy raýatlaryň transportuň bu usulyny saýlap alamagyna karantin çäklendirmeleriniň, şeýle-de ykdysady kynçylyklar bilen bagly maşgalalaryň güzeran eklenjiniň has-da agyrlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

"Welaýatda berk karantin düzgünleri girizilen bolsa-da, işsiz galan maşgalalara döwlet tarapyndan ne maddy, ne-de azyk kömegi berilýär. Bu ýagdaý gün-güzerany öň hem ýeňil bolmadyk maşgalalaryň gününi has-da agyrlaşdyrdy. Üstesine-de azyk, derman we nagt pul gytçylygy dowam edýär" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap we Mary welaýat häkimliklerinden, şeýle-de Mary aeroportundan kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bu maglumatlar koronawirus pandemiýasynyň fonunda, ýurtda işgärleriň sanynyň azaldylýandygy ýa-da işinden boşadylýandygy, şeýle-de Lebapda edara-kärhanalaryň ep-esli işgäriniň üç aý möhlet bilen tölegsiz rugsada iberilýändigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Türkmen häkimiýetleri bir tarapdan ýurtda koronawirus ýokaşmasynyň ýekeje mysalynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýarlar, beýleki tarapdan ilatyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýän karantin çärelerini girizmegi dowam edýärler.

Muňa garamazdan, resmi Aşgabat koronawirus çäklendirmeleriniň näçe adamyň işine we okuwyna täsir ýetirýändigi, bu ýagdaý sebäpli näçe adamyň işsiz galandygy baradaky sanlary mälim etmeýär. Şeýle-de, ilata maddy ýa-da azyk kömeginiň berilendigi hakda-da hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG