Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keselçilik wagtyndaky toý. Andijanyň häkimi gyzynyň doglan gününi şowhun-şagalaňly belleýär


Çeşmeleriň maglumatyna görä, gyzynyň doglan gününi baýram etmek Andijanyň ýolbaşçysyna on müňlerçe dollara durupdyr.
Çeşmeleriň maglumatyna görä, gyzynyň doglan gününi baýram etmek Andijanyň ýolbaşçysyna on müňlerçe dollara durupdyr.
Özbegistanyň Andijan welaýatynyň häkimi Şuhrat Abdurahmanow golaýda kiçi gyzynyň 19 ýaşynyň dolan gününi aýratyn şowhun-dabara bilen belledi. Ýokary derejeli häkimiň howlusyndaky ser howuzyň başynda bazar güni başlanan dabara giç agşama çenli dowam etdi. Myhmanlar üçin Daşkentden ýörite çagyrylyp getirilen aýdymçy Munisa Rizaýewa hem beýleki artistler aýdym-saz etdiler. Azatlyk Radiosyna ýollanan dürli suratlardan bu dabaranyň karantin çäreleri gowşan badyna geçirilendigi mälim bolýar. Çagyrylan myhmanlar 30 adamdan geçipdir.

Andijanyň häkimi gyzynyň doglan gününi şowhun-şagalaňly belleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:13 0:00

Toý agşamyndan düşürilen suratlary hem wideony aýdymçy Munisa Rizaýew öz Instagram sahypasynda paýlaşdy.

Olaryň birinde Rizaýewa Andijan şäherine girip gelişlerini görkezse, beýlekisinde aýdym-saza başlamaga taýýarlanyşyny görkezýär.

Sosial ulgamlarda ýaýradylan suratlardan hem wideodan belli bolşuna ýaly, dabaraly agşamyň soňunda Şuhrat Abdurahmanow kiçi gyzyna Gentra kysymly awtomobili sowgat edýär.

Gentra awtoulagynyň bahasy Andijandaky АО «Uzawtosanoat» salonynda 138 million suma (ABŞ-yň 13,5 müň dollary) durýar.

2019-njy ýylda Maliýe ministrliginiň mälim etmegine görä, Özbegistandaky aýlyk haklary; deputatyňky hem senatoryňky 1 mln. 560 müň 413 sum (takmynan ABŞ-yň 150 dollary), welaýat ýolbaşçysynyň (häkimiň) aýlygy bolsa 1 mln. 899 müň 783 sum (takmynan 190 dollar) bolmaly.

2013-nji ýyldan bäri Andijan welaýatyna häkimlik edip gelýän Şuhrat Abdurahmanowyň biznes işleri barada açyk informasiýa ýok.

Ýerli metbugatyň ýazmagyna görä, aýdymçy Munisa Rizaýewa Özbegistanda «iň gymmat bahaly» aýdymçylaryň hataryna girýär. Toýlarda hem beýleki dabaralarda aýdym aýtmak üçin, 4-5 müň dollar aralygynda alýar.

«Keselçilik wagtyndaky meýlis»

Azatlyk Radiosy welaýatyň ýönekeý adamlary bilen gepleşende, welaýatyň häkiminiň howlusynda geçýän bu şowhunly dabara öz närazylygyny bildirip, ony «keselçilik wagtyndaky meýlis» atlandyrdylar.

– Andijanyň häkiminiň kiçi gyzy Gyzlarhon Abdurahmanowanyň doglan gününi belleýärler. Dabara 30-dan gowrak adam çagyrylypdyr, aýdymçy Munisa Rizaýewany getirdiler. Eýsem karantin wagtynda, halk agyr ýagdaýda ýaşaýarka, doglan güni mynasybetli beýle uly şowhun-şagalaň gerekmi? Adamlar ýeter-ýetmezlikden gününi zordan dolaýan wagtynda, welaýatyň atasy saýylýan adam öz gyzy üçin şeýle toý tutsa, ony görýänler nähili pikirde bolar? Ýetmezçilikden kösenýänler barada oýlananyňy duýman galýarsyň. Bu doglan gün dabarasy karantin kadalaryny bozýar hem adamlaryň janyny ýakýar – diýip, Andijandan Azatlyk bilen gürleşen aýtdy.

Andijan welaýatynyň häkiminiň kiçi gyzy Gyzlarhon Abdurahmanowa
Andijan welaýatynyň häkiminiň kiçi gyzy Gyzlarhon Abdurahmanowa

Entek COVID-19 başlanmanka, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň ýatladan maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň ýanwaryna çenli ýurduň ilatynyň 4 milliondan gowragy garyplykda ýaşaýar.

Şu ýylyň mart aýynda Özbegistanda karantin girizilende, işsizleriň sany birden artdy hem ýurtda garyplygyň derejesi ýokarlandy.

Işsiz galan ýüz müňlerçe maşgala pandemiýa döwründe bar bolan eklenç çeşmelerinden hem kesildiler. Olar döwletden azyk iýmitine hem maddy ýardama mätäç ýagdaýa düşdüler.

Ýatlatsak, şu ýylyň maý aýynda prezident Mirziýaýew häkim Abdurahmanowa Andijan welaýatyndan 41 müň maşgalany garyplykdan çykarmagy tabşyrypdy.

Özbegistanyň prezidentiniň permanyna laýyklykda, şu ýylyň 30-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda kömäge mätäçleriň sanawynda durýan 400 müňden gowrak maşgala, ýagny 1,7 milliondan gowrak adama bir wagtlaýyn maddy kömek berilmeli edildi.

«Jomart» häkimiň maliýe çeşmeleri nämälimligine galýar

Özbegistanyň Andijan welaýatyna ýolbaşçylyk edýän Şuhrat Abdurahmanow soňky ýedi ýylyň dowamynda öz garamagyndakylara gödek sözleri aýtmakda hem gymmat bahaly para-peşgeş almakda tanalýar.

20-nji iýulda koronawirus göreşi bilen baglanyşykly geçiriljek brifingiň öň ýanynda, Abdurahmanow žurnalistlere 5 mln. sumdan (500 dollar çemesi) paýlady.

Mundan öň ol «Andijan» futbol toparynyň oýunçylaryna, pagta ýygyjylara, şahyrlara hem aýdym-tans wekillerine gymmat bahaly sowgatlary, pul sylaglaryny hem awtomobil sowgat edipdi.

Sosial ulgamy ulanyjylar welaýat ýolbaşçysyndan, onça puluň nireden gelýändigini soradylar. Muňa Abdurahmanow: «Men sowgady duş gelene däl, öz halkyma berýän» diýip jogap gaýtardy. Ýöne häkim onça puluň nireden gelýändigi – maliýe çeşmeleri baradaky sowala jogap bermek islemedi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG