Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin rus kosmonawty Oleg Kononenkony “Watanyň öňündäki edermenligi” diýen ordeniň ikinji derejesi bilen sylaglady. Bu barada TASS habar agentligi Russiýanyň hukuk maglumatlary baradaky websaýtynda çap edilen döwlet baştutanynyň kararyna salgylanyp, 23-nji awgustda habar berdi.
“Kononenko Oleg Dmitriýewiç adam kosmonawtikasynyň ösmegine goşan goşandy, kosmos giňişligini öwrenmekde, özleşdirmekde we peýdalanmakda görkezen edermenligi hem-de ýokary hünär ussatlygy üçin “Watanyň öňündäki edermenligi” diýen ordeniň ikinji derejesi bilen sylaglanmaly” diýlip, resmi kararda aýdylýar.
1964-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Çärjew oblastynda dünýä inen astronawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen at bilen hem sylaglandy.
Bu sylag geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginde çap edilen habarda yglan edilip, prezidentiň kosmonawtyň ussatlygyna ýokary baha berip, onuň bäş sapar açyk kosmos giňişligine çykandygyny, 4 sapar Halkara kosmos stansiýasyna ekspedisiýa gatnaşandygyny nygtandygy aýdyldy.
Kononenko Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany diýen adyň hem-de Russiýanyň Kosmonawtika federasiýasynyň Ýuriý Gagarin medalynyň hem eýesidir.
2019-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri Kononenkonyň Halkara kosmos stansiýasynda Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir” atly kitabyny we türkmen baýdagyny göterip düşen suratyny görkezdi. Bu fotosuratyň ýasalan bolmak ähtimallygyny görkezýän alamatlar daşary ýurtly synçylarda şübhe döretdi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.