Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkony Türkmenistanyň Gahrymany diýen at bilen sylaglady


Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkonyň Halkara kosmos stansiýasyndan türkmen halkyna we Türkmenistanyň prezidentine Täze ýyl gutlagyny iberdi. TDH

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kosmonawty Oleg Kononenkony Türkmenistanyň Gahrymany diýen at bilen sylaglady. Bu barada 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, prezident kosmonawtyň ussatlygyna ýokary baha berip, onuň bäş sapar açyk kosmos giňişligine çykandygyny, 4 sapar Halkara kosmos stansiýasyna ekspedisiýa gatnaşandygyny nygtady. Rus kosmonawtyna hormatly sylagyň gowşurylmagy Saparmyrat Nyýazowyň döwründen soň, 2018-nji ýylda täzeden dikeldilen Halk Maslahatynyň Ikinji mejlisiniň geçirilýän wagtyna gabat geldi.

Resmi Aşgabat Kononenko bilen ilkinji gezek gatnaşyga geçmeýär. Mundan ozal, 2019-njy ýylyň ýanwarynda döwlet KHBS-leri Kononenkonyň Halkara kosmos stansiýasynda Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüprek ýolunyň ýüregidir” atly kitabyny we türkmen baýdagyny göterip düşen suratyny görkezdi. Bu fotosuratyň ýasalan bolmak ähtimallygyny görkeýzýän alamatlar daşary ýurtly synçylarda şübhe döretdi.

“Kosmonawt Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny goýmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny aýtdy” diýip, şonda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.

Ýanwaryň başynda “Mir 24” kanaly kosmonawt Oleg Kononenkonyň dünýäniň ilatyna iberen Täze ýyl gutlagynyň wideosyny paýlaşdy; onuň beýleki tanymal şahsyýetlere älem giňişliginden iberen gutlaglarynyň wideo ýazgysy bar, ýöne onuň türkmen halkyna we prezidentine iberendigi aýdylýan gutlagyň wideo ýazgysy elýeterli däl.

9-njy ýanwarda Azatlyk Radiosy Russiýanyň “Roskosmos” döwlet agentligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, russiýaly kosmonawtyň Türkmenistana ugradan Täze ýyl gutlagy bilen gyzyklandy.

Agentligiň jogapkär wekili şonda türkmen resmileriniň özlerinden gutlag haýyş edip, habarlaşandygyny belledi.

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Kononenkonyň türkmen baýdagyny we prezidentiň kitabyny 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara kosmosa stansiýasyna ýany bilen alyp gidendigini belledi.

Russiýaly astronawt Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Çärjew oblastynda dünýä indi. Ol Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany diýen adyň hem-de, Russiýanyň Kosmonawtika federasiýasynyň Ýuriý Gagarin medalynyň eýesidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG