Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farabyň oba ýaşaýjylaryndan unuň gapdaly bilen prezidentiň suratyny satyn almak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň oba ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleriniň gapdaly bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň suratyny satyn almaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy sebitden habar berýär.

"Farabyň Magtymguly we Buharskiý obalaryndaky döwlet dükanlarynda ilata maý hem-de iýun aýy üçin "paýok" görnüşinde berilmeli un we çörek satuwa çykaryldy. Adamlar öňki aýlarda bolşy ýaly unuň gapdalyndan nähilidir bir gereksiz, möhleti geçen azyk önümlerini ýa-da türkmen tekstiliniň hili pes iç geýimlerini satyn almaly bolar öýtdüler. Ýöne olaryň garaşanlary bolmady. Bu gezek olardan prezidentiň suratyny satyn almak talap edildi" diýip, habarçy aýtdy.

27-nji awgustda gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, prezidentiň Aşgabatda çapdan çykan bu suraty 50х35 santimetr ululykda bolup, onuň bahasy 20 manada barabar.

"Adamlar dükanlaryň töwereginde Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) we polisiýanyň işgärleri bolany üçin garşylyk bildirmediler. Olar seslerini çykarman, suratlary hem satyn aldylar. Her hojalyk suratyň daşyna ramka satyn alyp, ony öýüniň töründe asyp goýmaly" diýip, habarçy aýtdy.

Oba ýaşaýjylaryna prezidentiň suratynyň mejbury satylmagynyň sebäpleri barada ne dükan işgärleri, ne-de beýleki ýerli resmiler aç-açan düşündiriş berýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bir polisiýa işgäri "häkimiýetler her öýde Berdimuhamedowyň suraty bolsa, onda sebit ýaşaýjylary "Arkadagyny" söýer diýip pikir edýärler" diýdi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Lebap welaýat, Farap etrap häkimliklerinden we ady agzalan obalaryň resmilerinden kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi. Redaksiýa bu barada ýurduň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň ýerli bölümi bilen hem habarlaşyp bilmedi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýurduň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan un, çörek, şeker, ýag, ýumurtga we towuk budy ýaly azyk önümleriniň gytçylygy dowam edýär.

Ýurduň döwlet dükanlarynda bu azyk önümleriniň gapdalyndan möhleti geçen azyk, senagat ýa-da tekstil harytlaryny satyn almak indi birnäçe ýyl bäri talap edilýär. Ýöne bellemeli ýeri, ilatyň bu azyk önümleriniň gapdaly bilen prezidentiň suratyny satyn almaga mejbur edilmegi bilen bagly ýagdaý ilkinji gezek ýüze çykýar.

Galyberse-de, Farabyň oba dükanlarynda edilýän bu talap Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezident Berdimuhamedowyň portretlerini gaýtadan çalyşmak işleri täzeden bat alan mahalyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçylary bu sapar döwlet baştutanynyň portretleriniň täzelenilmegine onuň gysgaldylan saçynyň hem-de portretlerdäki halynyň reňkiniň sebäp bolandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosyna oba ilatyndan edilýän talap bilen ýurduň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretleriniň täzelenmeginiň arasynda nähilidir bir arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG