Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilata satylýan azygyň möçberi çäklendirilýär. Alyjylar geçmeýän harytlary satyn almaly bolýar


Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň birinden şeker satyn almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň birinden şeker satyn almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk gytçylygy dowam edýän pursady, ilata satylýan harytlaryň möçberi çäklendirilýär. Döwlet dükanlarynyň käbirine wideo kameralar arkaly gözegçilik edilýär. Alyjylar geçmeýän harytlary satyn almaga mejbur bolýarlar.

"Şäheriň 26-njy döwlet dükanynda towuk budy we ösümlik ýagy ýaly käbir azyk önümleri satuwa çykarylýar. Ýöne mundan ozal nobata duran her bir adama iki towuk budy satylan bolsa, häzir diňe bir sanysy berilýär. Şeýle-de, her bir adam 1 litr ösümlik ýagyny satyn alyp bilýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 6-njy maýda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol döwlet dükanlarynyň satyjylarynyň ilaty bu önümleriň ýany bilen geçmeýän harytlary satyn almaga mejbur edýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

"Dükan açylanda, ýagny irden sagat 8-de towuk budy bilen ösümlik ýagynyň ýany bilen ýarym kilogram nohudy satdylar. Sagat 8:30 töweregi nohut gutardy. Soňra ilata 90 gram "kiseli", ýagny želeni satyp başladylar. Onuň bahasy 5 manada barabar. Bu harytlary satyn almakdan ýüz öwren alyjylara ýag we towuk buduny satmaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň biriniň öňündäki azyk nobatlary.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň biriniň öňündäki azyk nobatlary.

Habarçy bu dükanyň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň golaýynda ýerleşýändigine ünsi çekip, onuň töwereginde wideo kameralaryň ýerleşdirilendigini we munuň ilatyň nobatlary, olardaky dawa-jenjelleri surata ýa-da wideo almazlygy üçin görülýän çäredigini belledi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy hem, ilatyň azyk harytlaryny satyn almak üçin daňdan sagat 5-den, käbir söwda nokatlarynda gijeden nobata durýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, ol Görogly köçesi bilen Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwlet dükanynyň işgärleriniň bank kartlary boýunça söwda eden alyjylara çek, faktura bermeýändigini aýdyp, olaryň satyn alnan harytlaryň bahasyndan has köp pul serişdesini saklap galýandygyny belledi.

"Kanunçylyga laýyklykda, 10-njy dükanyň işgärleri alyjylara faktura bermeli bolsa-da, ilatyň bu babatda eden köpçülikleýin şikaýatlaryna garamazdan, olar muny berjaý etmeýärler. Sebäbi olar satyn alnan harytlaryň bahasyndan has köp puly saklap galýarlar. Başga dükanlarda şeýle ýagdaý göze ilmeýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 6-njy maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada agzalýan döwlet dükanlary bilen habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanda indi üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda azyk gytçylygy dowam edýär. Munuň bilen bir wagtda, azyk harytlarynyň hususyýetçilerdäki bahalary hem yzygiderli gymmatlaýar.

Häzirki wagt döwlet dükanlarynda 1 litr ösümlik ýagy 13 manatdan, towuk budunyň 1 kilogramy 10 manatdan we şekeriň 1 kilogramy 7 manatdan satylýar. Bu önümler hususy dükanlarda degişlilikde 35 manatdan, 25 manatdan we 9 manatdan bahalanýar.

Koronawirus global pandemiýasynyň fonunda, ýurtdaky azyk ýetmezçiligi has-da ýitileşdi. 27-nji aprelde Aşgabadyň döwlet dükanynyň işgärleri her gün 125 adama ýeter ýaly azyk harytlarynyň gelýändigini mälim etdiler.

Azatlygyň habarçylary azyk ýetmezçiliginiň welaýatlarda has-da agyrdygyny habar berýärler.

Mundan 10 gün çemesi ozal, Lebapdaky habarçylarymyzyň biri Köýtendag etrabynyň ençeme obasynda adamlaryň çörek we un tapman, degirmende mekgejöweni ýaryp, un edip iýýändigini gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG