Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Rus dilindäki klaslaryň ýapylmak ähtimallygy barada hökümet derejesinde maslahat edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu aýyň başynda Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde rus dilinde sapak berilýän bölümiň ýapylmagynyň yzýany, käbir beýleki mekdeplerde-de rus dilinde sapak geçilýän klaslaryň ýapylmak ähtimallygy barada ene-atalaryň arasynda aladalaryň ýüze çykandygy habar berildi. Azatlyk Radiosyna munuň bilen bagly täze tassyklanan goşmaça maglumatlar gelip gowuşdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň döwlet edaralarynyň birindäki ynamdar çeşmä salgylanyp, 3-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, ýurtda rus dilinde sapak geçilýän ähli klaslary 2030-njy ýyla çenli doly ýapmak barada hökümet derejesinde çynlakaý maslahat edilýär.

“Muňa laýyklykda, çagalaryna rus dilinde bilim bermek isleýän ene-atalar üçin rus dilinde sapak berilýän tölegli mekdepleri açmak göz öňünde tutulýar. Häzir aeroportuň golaýynda ýerleşýän täze 21-nji mekdep tölegli bolup, onuň aýlyk tölegi 450 manada barabar” diýip, habarçy aýtdy.

Ýatlatsak, Turkmen.news neşiri 30-njy awgustda paýtagtyň ýöriteleşdirilen 64-nji mekdebinde rus dilinde sapak berilýän bölümiň ýapylmagy bilen, ene-atalaryň we okuwçylaryň mekdep howlusynda öz raýyna protest çäresini geçirendiklerini habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, mekdep administrasiýasy Bilim ministrliginiň klaslary bölmek we okuw çalşygyny köpeltmek baradaky talabyny nazarda tutmak bilen, rus dilli klaslary ýapdy. Munuň netijesinde, 1,500 töweregi okuwçynyň başga mekdeplere geçirilmegi talap edildi.

1-nji sentýabrda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 64-nji mekdepde rus dilinde sapak berilýän klaslaryň ýapylmagynyň yzýany, paýtagtyň 55-nji orta mekdebinde-de rus dilli bölümiň ýapylmak ähtimallygy barada ene-atalaryň arasynda aladalaryň ýüze çykandygyny habar beripdi.

Habarçymyz şu günler Aşgabadyň döwlet edara-kärhanalarynyň ençemesinde işgärleriň täze talap bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýar. Muňa laýyklykda, býujet işgärlerinden çagalaryny öz ýazgyda duran ýerinde ýerleşýän mekdepleriň türkmen dilinde bilim berýän klaslaryna geçirmek talap edilýär.

“Munuň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär. Ýöne bilim işgärleri munuň sebäplerini ene-atalaryň arasynda çagalaryny Aşgabatda, şol sanda Çoganlyda, Şorda, Täze Zaman obasynda we beýleki ýerlerde täze gurlan döwrebap mekdeplere ýerleşdirmek isleýänleriň azdygy, rus dilinde sapak geçilýän klaslara talabyň ýokary bolmagy bilen düşündirýärler. Sebäbi täze mekdeplere göz öňünde tutulan okuwçylaryň diňe 50%-i ýerleşýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, köp ene-ata “bilimdäki korrupsiýa sebäpli türkmen mekdeplerinde mugallymlaryň taýýarlyk derejesiniň juda pesdigini” aýdyp, çagalaryny rus dilinde bilim berýän klaslara ýerleşdirmäge synanyşýar.

“Ene-atalar rus dilindäki bölümlerde has gowy hilli bilim berilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de olar rus dilinde bilim alan çagalaryň Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna degişli ýurtlarda has aňsat bilim alyp, işläp biljekdigine ynanýarlar” diýip, ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy belledi.

Şol bir wagtda, ol häzirki wagtda rus dilinde sapak geçýän klaslarda-da “tejribeli işgärler” meselesiniň keserip durandygyny aýdýar.

“Bu okuw ýylynda rus dilinde sapak berilýän bölümlerde köp sanly täze mugallym işe alyndy. Sebäbi pensiýa ýaşyna ýeten işgärler işden çykaryldy ýa-da üç aýlyk tölegsiz zähmet dynç alşyna iberildi. Bu ýaşdaky mugallymlaryň koronawirusa garşy has ejiz we goragsyz topara degişlidigi aýdylýar” diýip, habarçy belledi.

Üstesine-de, täze okuw ýylyndan başlap, orta mekdeplerde iş tertibiniň üýtgemegi, habarçynyň sözüne görä, mugallymlaryň iş wagtynyň irden sagat 08:00-dan agşam sagat 20:00-a çenli uzaldylmagy bilen, köp mugallym işinden çekildi.

“Bu mugallymlar çagalara öýlerinde rus dilinde goşmaça sapak berýärler. Olar her sagat üçin 60 manat talap edýärler. Mugallymlar çärelere gatnaşmaly däldigini we dürli talaplary berjaý etmeli däldigini aýdyp, özbaşdak işlänleriniň gowudygyny belleýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy rus dilinde sapak berilýän klaslaryň ýapylmak ähtimallygy we býujet işgärlerinden edilýän talap barada ýurduň Bilim ministrliginden hem-de Aşgabat şäher bilim bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG