Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň käbir orta mekdeplerinde täze okuw ýyly aýratyn aladaly başlady


Illýustrasiýa suraty. Mekdep okuwçylary
Illýustrasiýa suraty. Mekdep okuwçylary

Baýramalynyň birnäçe orta mekdebinde okuwçylardan sport egin-eşigini satyn  almak talap edilýär, Aşgabadyň 64-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde rus dilinde sapak berilýän bölümiň ýapylmagy ene-atalarda nägilelik döretdi.

1-nji sentýabrda dürli aladalar bilen Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýyly başlady. Baýramalynyň käbir mekdeplerinde başlangyç synp okuwçylaryndan sport egin-eşiklerini satyn almak talap edilýär, käbir ene-atalar mundan nägile bolýar. Aşgabadyň 64-nji mekdebinde rus dilinde sapak berilýän bölümiň ýapylmagy we munuň yzýany ene-atalaryň hem-de okuwçylaryň arasynda öz raýyna gurnalan protestden soň, paýtagtyň 55-nji orta mekdebinde rus dilinde sapak geçilýän klaslaryň ýapylmak ähtimallygyndan aladalanýan ene-atalar barada habarlar bar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Ençeme ene-atanyň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, täze okuw ýylynyň başlanan güni, 1-nji sentýabrda Baýramaly şäheriniň birnäçe orta mekdebinde başlangyç synpa barýan okuwçylardan sport egin-eşigini satyn almak talap edildi. “Sport eşigi ýaşyl we gök reňkli bolup, olaryň nyrhy 100 manatdan bahalanýar” diýip, habarçy aýdýar.

“Ene-atalaryň arasynda ‘indi 100 manady nireden almaly’ diýip, duranlar hem bar. Olaryň arasynda bize ‘sport eşigi gerek däl’ diýýänler hem bar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ene-atalar okuw ýylynyň ilkinji gününde mekdepleriň edýän bu talabyndan nägile bolýar.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir ene-ata okuwçylardan talap edilýän sport egin-eşiginiň hökman täze satyn alynmalydygyny gürrüň berdi.

“Ene-atalaryň köpüsi maddy ýagdaýlary pes bolany üçin öz çagalarynyň täze okuw ýylyna täze egin-eşik satyn alyp bilmediler” diýip, habarçy aýtdy.

Baýramalyda ene-atalar okuwçylardan talap edilýän sport egin-eşigini satyn almagyň aladasyny edýän wagty, Aşgabadyň 64-nji mekdebinde rus dilinde bilim berilýän bölümiň duýdansyz ýapylmagy okuwçylarda we ene-atalarda nägilelik döretdi.

Turkmen.news neşiri 30-njy awgustda paýtagtyň ýöriteleşdirilen 64-nji mekdebinde rus dilinde sapak berilýän bölümiň ýapylmagy bilen, ene-atalaryň we okuwçylaryň mekdep howlusynda öz raýyna protest çäresini geçirendiklerini habar berdi.

Neşiriň habar bermegine görä, mekdep administrasiýasy Bilim ministrliginiň klaslary bölmek we okuw çalşygyny köpeltmek baradaky talabyny nazarda tutmak bilen, rus dilli klaslary ýapdy. Munuň netijesinde, 1,500 töweregi okuwçynyň başga mekdeplere geçirilmegi talap edildi.

Türkmenistanyň Bilimi ministrligi täze okuw ýylynda mekdeplerde keseliň ýaýramak howpunyň öňüni almak maksady bilen synplarda okuwçylaryň biri-birinden 2 metr aralykda oturdylmagyny, klaslaryň 15 okuwçy bilen çäklendirilmegini we beýleki käbir düzgünleriň berjaý edilmegini talap edýär.

Aşgabadyň 64-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde rus dilli bölümiň ýapylmagyndan nägile bolan ene-atalar we okuwçylar, turkmen.news neşiriniň habar bermegine görä, mekdebiň howlusynda özakymly protest çäresini geçirdi. Neşiriň şaýatlara salgylanyp, habar bermegine görä, mekdep howlusynda 1,000 töweregi adam ýygnandy we polisiýa işgärleri olaryň dargamagyny talap etdi.

Wakanyň jikme-jikligi ýüze çykmaga dowam edýär. 1-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy mekdebiň golaýda işden boşadylan direktory Bäşim Gaitnazarowyň häzirki wagtda keselhana düşendiginiň we onuň ýagdaýynyň agyrdygynyň aýdylýandygyny habar berdi.

Turkmen.news neşiri Gaitnazarowyň birnäçe hepde mundan ozal 64-nji mekdebiň direktory wezipesinden boşadylandygyny habar berýär.

Azatlygyň habarçysy Gaýitnazaworyň ozlaky ýyllarda Aşgabadyň Ykdysadyýet mekdebinde (Ykdysady we dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdep – red.) direktor wezipesinde işländigini, ýurtda ilkinji jemgyýetçilik guramalaryň hatarynda açylan “Dialog” atly hökümete degişli bolmadyk gurama ýolbaşçylyk edendigini habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 64-nji mekdepde rus dilinde sapak berilýän klaslaryň ýapylmagynyň yzýany, paýtagtyň 55-nji orta mekdebinde-de rus dilli bölümiň ýapylmak ähtimallygy barada ene-atalaryň arasynda aladalaryň ýüze çykandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy mekdep okuwçylaryndan sport-egin eşikleriniň talap edilmegi barada Baýramaly şäheriniň bilim bölüminden hem-de rus dilinde sapak berilýän klaslaryň ýapylmagy barada Aşgabadyň şäher bilim bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG