Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 we Türkmenistan: Bazar söwdagärleri çäklendirmeler döwründe nädip gün görýärler?


Türkmenistan, awgust, 2020 (illýustrasiýa suraty)   
Türkmenistan, awgust, 2020 (illýustrasiýa suraty)   

Türkmenistan dünýädäki COVID-19 pandemiýasy wagtynda henizem öz çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän ýeke-täk ada däl döwletdir. Öz beýanatyna garamazdan, türkmen häkimiýetleri COVID-19 garşy we ýurduň ilatynyň ähli gatlaklaryna täsir ýetirýän çäreleri görýärler. Hususan-da, çäklendirmeler köp telekeçileri girdejisiz galdyrdy, olaryň ýitgi çekmegi dowam edýär. Türkmenistanyň häkimiýetleri girizen çäklendirmeleriniň sebäplerini we haçana çenli dowam etjegini ilata düşündirmeýärler.

Mary welaýatynda Türkmenistanyň günorta sebitiniň senagat we azyk bazarlaryndaky söwda nokatlarynyň ençemesi bir aý öň ýapyldy. Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli söwdagärler dükanlaryň ilki bilen bir gün ýapylýandygyny häkimiýetleriň aýdandygyny, soňra olaryň ýene bir hepdelik ýapyk boljagyny mälim edip, dükanlaryň gapylaryny möhürländiklerini gürrüň berdiler. Ýerli häkimiýetler şonda gadagançylygy bozan telekeçileriň sud jogapkärçiligine çekiljegini duýdurypdyr, emma şondan bäri telekeçilere hiç hili düşündiriş bermändir.

"Mollanepes köçesindäki gök bazaryndaky dükanlar bir aý çemesi öň möhürlenipdi. Bu gadaganlygy bozandygy üçin eýelerine jogapkärçilige çekiljekdigi we köp mukdarda jerime salynjakdygy duýduryldy. Düýn dükan eýeleri ýygnanyp, bazar başlyklaryna gitdiler. Ol hiç zat edip bilmejekdigini aýtdy we gapynyň möhürini döwenleriň jogapkärçilige çekiljekdigini duýdurdy "- diýip, Azatlygyň habarçysy telekeçileriň özlerine salgylandy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, telekeçiler welaýat administrasiýasyna ýüz tutdular, ýöne häkim we onuň orunbasary olary kabul etmedi.

"Häkim we onuň orunbasary kabul etmedi, adamlaryň ýanyna hiç kim çykmady, diňlemedi, tersine, häkimlik polisiýa jaň etdi we baranlary kowdurdy" - diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, 4-nji sentýabrda irden telekeçiler ýene bazara ýygnanypdyrlar we harytlaryny dükanlardan alyp gaýdypdyrlar.

Azatlyk Radiosy bazaryň ýolbaşçylaryndan we Mary welaýatynyň häkimliginden bu ýagdaý barada maglumat alyp bilmedi.

Telekeçileriň aýtmagyna görä, köp adam ýitgi çekipdir, gyssagly we gysga wagtlyk ýapylan dükanlarda önümleriň ençemesi, şol sanda çörek we konditer önümleri ýaly harytlar zaýalanypdyr.

Mundan başga-da, dükanlaryň mejbury ýapylmagyna garamazdan, salgyt gullugy telekeçilerden salgyt tölemegi talap edýär.

"Döwlet salgyt gullugy bize jaň edip, töleg etmegi talap etdi. Söwda edip bilmejekdigimizi düşündirmäge synanyşdyk, emma olar diňlemediler. Şol bir wagtyň özünde dükanlary açmaga rugsat bermediler we haçan işlejekdigimizi aýtmadylar. Biziň ýitgi çekýän wagtymyz olar soňky pulumyzy elimizden alýarlar"- diýip, telekeçileriň biri adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüň berdi.

Indi käbir ýerli telekeçiler başga ýol tapman, öz harytlaryny tanyşlarynyň arasynda satmaga synanyşýarlar.

"Dükançylar aýakgap we eşik ýaly harytlaryny dükanlardan alyp gaýdýarlar we tanyşlaryna satýarlar. Olar öz çagalaryny açlyga sezewar edýän hökümetiň ýalanlaryndan bizar bolandyklaryny aýdýarlar. Olar öz işine başlamak üçin köp zähmet çekdiler, köpüsi karz aldy, indi bolsa soňky mümkinçiliklerinden hem mahrum edilýärler"- diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda bazarlar we söwda nokatlary iýul aýynyň ortalarynda ýapylyp başlapdy. Ýurduň häkimiýetleri bu çäklendirmeleriň sebäbini düşündirmediler. Käbir regionlarda azyk dükanlary hem ýapylypdy we obalaryň birnäçesiniň ilaty esli wagtlap azyksyz galypdy.

Türkmenistan, koronawirusa garşy göreşmek üçin dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde gözegçilige we keseliň ýaýramazlygyna gönükdirilen çäreleri görýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny yglan edýän türkmen resmileri görülýän çäreleriň sebäbini ilata düşündirmeýärler.

Hususy söwda, dynç alyş we hyzmat ediş desgalarynyň işiniň bes edilmeginden başga-da, döwlet kärhanalarynda karantin girizilýär, ýurtda iş orunlary azaldylýar, işgärler tölenilmedik rugsada iberilýär. Welaýatlaryň arasynda hereket çäklendirilýär we ilatyň maska geýmegine we sosial aralygy saklamagyna gözegçilik edilýär. Ýurt ýolbaşçylary munuň hakyky sebäbini düşündirmeýärler, Saglyk ministrligi ýurduň howasynda "tozan bölejikleriniň mukdary" köpeldi diýýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG