Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýumurtga gytçylygy emele geldi, Maryda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy gowşaýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Soňky 15 günüň dowamynda döwlet azyk dükanlarynyň tekjelerinden towuk ýumurtgasy ýitirim boldy diýip, 24-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berdi. Maryly habarçymyz welaýatyň käbir obalarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýynyň gowşaýandygyny habar berýär.

“Ýumurtga Aşgabatda ilat üçin iň elýeterli önümdi, 10 ýumurtga 5 manatdan satylýardy.” diýip, habarçy aýtdy. Ýöne onuň sözlerine görä, 9-njy awgustdan bäri hökümet eýeçiligindäki iýmit önümleri satylýan dükanlarda ýumurtga tapdyrmaýar we onuň döwlet söwda tekjelerine haçan dolanjagy mälim däl.

“Ýumurtganyň haçan peýda boljagy belli däl” diýip, Aşgabatda bir döwlet dükanynyň satyjysy anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azyk üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar Mary welaýatynyň käbir obalarynda-da göze ilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjylaryna salgylanyp, etrabyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan diňe unuň satylýandygyny, onuň hiliniň ýaramazdygyny we ýag, towuk budy, makaron, ýumurtga, çörek we şeker ýaly önümleriň asla satylmaýandygyny habar berdi.

Habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir maryly ýaşaýjy bu ýyl bugdaý hasylynyň üstünden “gizlin bugdaý alyp galan” gallaçy hojalyklaryň çörek üpjünçiliginiň öňküden gowulaşandygyny gürrüň berdi. “Emma köp hojalykda bugdaý bolmansoň, 1 halta bugdaýy 70 manatdan satyn alyp, obada kimde haraz bar bolsa, şoňa eltip un üwedýänler hem bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Marynyň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy gowşaýan wagty, hususy dükanlarda-da haryt elýeterliligi barha ýaramazlaşýar.

“Hususy dükanlarda azyk ýetmezçiligi aç-açan göze ilýär, gün-günden azyk azalýar, her gün 10-20 teňňe gymmatlaýar. Hususy dükanlar boşap barýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol greçka, mäş, makaron ýaly önümleriň hususy dükanlarda azalýandygyny, şol sebäpden olaryň gymmat nyrhdan satylýandygyny habar berdi.

“Dükan eýelerinden sorasak, olar bu ýagdaýy uly bazarlaryň ýapylmagy bilen düşündirýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, harytlary lomaý bahadan bazarlardan satyn almaga mümkinçiligi bolmadyk garagumly dükan eýeleri olary Baýramaly şäheriniň hususy dükanlaryndan gymmat nyrhdan satyn alýarlar.

Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilmedik koronawirus keseliniň fonunda iýul ortadan aganda ýurtda iri bazarlar ýapyldy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy barada jikme-jik maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, paýtagtyň döwlet dükanlaryndan towuk etini ýa-da iki towuk buduny satyn almak üçin onuň gapdaly bilen tüwi ýa-da möhleti geçen beýleki önümleri satyn almak talap edilýär.

“Iki towuk budy tüwi bilen bilelikde 20 manatdan gowrak bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 1 kilogram towuk eti häzirki wagtda Aşgabadyň döwlet azyk haryt dükanlarynda 13 manatdan satylýar.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirip gelýär. Hökümet resmileri ykdysady çökgünligi, ilatyň ýaramazlaşýan ýaşaýyş-durmuş şertlerini, şol sanda iýmit önümleriniň gytçylygyny aç-açan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG