Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Nawalnynyň nerw agenti bilen zäherlenendigini aýdansoň, Günbatar görjek çäresini pikirlenýär


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Kreml tankytçylaryna garşy guralan yzy üzülmeýän hüjümleriň soňkusy, Orsýetiň köpçülikleýin ýazgarylmagy we aç-açan derňew geçirmäge çagyrylmagy bilen, Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlylygyň has-da güýçlenmegine sebäp boldy.

Germaniýa agyr keselli kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň harby derejeli nerw agenti bilen zäherlenendigini aýdanyndan soň, Günbatar hökümetleri Orsýete garşy utgaşdyrylan çäreleri görmegiň maslahatyny edýär.

German kansleri Angela Merkel 2-nji sentýabrda Germaniýanyň, "degişli, bilelikdäki gaýtawul" üçin, ÝB we NATO hyzmatdaşlaryny bu meseleden habarly edendigini aýtdy.

"Alekseý Nawalnynyň jenaýatyň pidasy bolandygy şübhesiz. Ol susmaga mejbur edilmelidi we men muny german hökümetiniň adyndan mümkin bolan iň güýçli derejesinde ýazgarýaryn" diýip, Merkel aýtdy we bu ýagdaýy "zäherlmek arkaly öldürmek synanyşygy" hökmünde häsiýetlendirdi.

German hökümeti biraz öň Germaniýanyň harby barlaghanasynda geçirilen ýörite synaglaryň bu işde "Nowiçok" toparyna degişli himiki nerw agentiniň bardygyny "aç-açan subut edýändigini" aýtdy. Sowet usulynda öndürilen zäheriň Kremliň açyk gürleýän garşydaşlaryny dymdyrmak üçin mundan öňki synanyşyklarda hem ulanylandygy güman edilýär.

Kreml tankytçylaryna garşy guralan yzy üzülmeýän hüjümleriň soňkusy, Orsýetiň köpçülikleýin ýazgarylmagy we aç-açan derňew geçirmäge çagyrylmagy bilen, Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlylygyň has-da güýçlenmegine sebäp boldy.

Kreml Germaniýany doly maglumat alyşmaga çagyrdy we Daşary işler ministrligi "Nowiçok" aýyplamalarynyň arkasynda ýeterlik deliliň ýokdugyny öňe sürdi.

Emma Merkel indi bu ýerde "diňe Russiýanyň jogap berip biljek we jogap bermeli käbir çynlakaý soraglarynyň" bardygyny aýdýar.

German parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Norbert Roettgen Ýewropany bu mesele boýunça anyk, berk we bir-bitewi çemeleşmä çagyrdy.

"Biz Orsýetiň [prezidenti Wladimir] Putiniň režiminiň adamkärçiliksiz hakykaty bilen ýene bir gezek ýowuz gapma-garşylyga sezewar bolduk" diýip, ol aýtdy.

Orsýetiň Germaniýa Baltika deňziniň astyndan tebigy gaz getirjek DemirgazykAkym 2 geçiriji taslamasynyň üstünde alnyp barylýan iş barada soralanda, Merkeliň dolandyryjy konserwatorlarynyň agzasy bolan Roettgen bu meselede "Ýewropa jogaby bolmaly" diýdi.

Germaniýa. Nawalnynyň bejergi alýan "Çarite" hassahanasynyň ýanyndan geçip barýan aýal. 2-nji sentýabr, 2020.
Germaniýa. Nawalnynyň bejergi alýan "Çarite" hassahanasynyň ýanyndan geçip barýan aýal. 2-nji sentýabr, 2020.

"Biz berk syýasat alyp barmaly, biz Putiniň düşünýän ýeke-täk dili bilen jogap bermeli - bu gaz söwdalary" diýip, ol aýtdy.

Merkel geçen hepde Birleşen Ştatlar tarapyndan garşy çykylýan DemirgazykAkym 2 taslamasynyň Nawalnynyň işi bilen baglanyşdyrylmalydygy baradaky ideýany ret etdi.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşi zäherlenmäni "doly ýazgarylmaly" diýip atlandyrdy we Waşingtonyň "Orsýetdäki, delilleriň alyp barýan ýerindäki jogapkär adamlary jogapkärçilige çekmek we olaryň ýykgynçylykly işlerini amala aşyrmakda ulanýan serişdelerini çäklendirmek üçin" öz ýaranlary bilen işleşjekdigini aýtdy.

Kongresde kanun çykaryjylar Tramp administrasiýasyny kongres tarapyndan sanksiýa girizilen Orsýete garşy hökmany sanksiýalary girizmäge çagyrdylar.

"Birleşen Ştatlaryň prezidenti hyzmatdaşlarymyz we ýaranlarymyz bilen bilelikde soňky agressiýa garşy güýçli halkara gaýtawulyny utgaşdyrmalydyr" diýip, Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň uly derejeli agzasy, demokrat senator Bob Menendez aýtdy.

NATO hem ýüze çykan subutnamalaryň Orsýetiň "doly we aç-açan derňew" geçirmelidigini görkezýändigini aýtdy.

"Harby derejeli nerw agentiniň ulanylmagyny berk ýazgarýaryn. Bu ýagdaýdan gelip çykýan netijeler barada Germaniýa we ähli NATO ýaranlary bilen maslahatlaşarys" diýip, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg twitterde ýazdy.

ÝB-niň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell zäherlenmäni "jana kast etmek synanyşygy" diýip häsiýetlendirdi we islendik himiki ýaragyň ulanylmagynyň "halkara kanunçylygynyň bozulmagydygyny" aýtdy.

Fransiýa, Italiýa, Kanada, Angliýa we beýleki ýurtlar hem derňew geçirmäge çagyrdy we bilelikde gaýtawul bermek haýbatyny atdy.

Emma muňa garamazdan, Orsýetiň Germaniýadaky ilçihanasy henize-bu güne çenli "düýpli faktlaryň" görkezilmändigini aýdyp, taraplaryň ählisini "bu wakany syýasylaşdyrmakdan" saklanmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG