Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda türkmen we pars dillerinde çap edilýän "Sähra" atly gazetiň ygtyýarnamasy ýatyryldy


Eýranda türkmen we pars dillerinde çap edilýän "Sähra" atly hepdelik gazetiň ygtyýarnamasy ýatyryldy.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Eýranda türkmen we pars dillerinde çap edilýän “Sähra” atly hepdelik gazetiň ygtyýarnamasynyň ýatyrylmagy barada gürrüň gozgaýar.

Eýran häkimiýetleri Türkmensährada, etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan Gülüstan welaýatynda 22 ýyl mundan ozal esaslandyrylan “Sähra” atly gazetiň çap edilmegi gadagan edildi. Bu barada gazetiň bir jogapkär işgäri Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Tankytçylar Eýran hökümetiniň milli azlyklaryň medeni hukuklaryny depeleýändigini, olaryň öz dillerinde bilim almaklaryny, ene dillerinde çaphana işleri bilen meşgullanmaklaryny çäklendirýändigini aýdýarlar. Mundan ozalky gepleşiklerimizde, Eýran häkimiýetleriniň etniki türkmenlere türkmen adam atlarynyň dakylmagyny gadagan edişi we munuň türkmen azlyklarynda galdyrýan oňaýsyz täsiri barada şaýatlaryň, türkmen wekilleriniň sözlerini diňleýjilerimize eşitdirdik.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Eýranda türkmen we pars dillerinde çap edilýän “Sähra” atly hepdelik gazetiň ygtyýarnamasynyň ýatyrylmagy barada gürrüň gozgaýar.

Eýranda türkmen we pars dillerinde çap edilýän "Sähra" atly gazetiň ygtyýarnamasy ýatyryldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Gazetiň jogapkär işgäriniň sözlerine görä, Eýran häkimiýetleri ilkibaşda, 22 ýyl mundan ozal, “Sähra” gazetiniň diňe pars dilinde we aýlyk neşir edilmegine rugsat berdi. Wagtyň geçmegi bilen, ol hepdelik neşire öwrüldi we onda türkmen dilinde-de makala çap etmäge ygtyýar berildi.

“Sähra” gazeti onýyllyklaryň dowamynda Eýranda ýaşaýan türkmenleriň sesi boldy. Onda türkmenleriň meseleleri gozgaldy. Muny gazetiň jogapkär işgäri aýdýar.

“Sähra” gazetiniň ilkinji sözbaşy – talap. Ilki türkmenleriň ýaşaýan Kümmet şäherinde darajyk bir ofisde öz işine başlady” diýip, gazetiň işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, “Sähra” gazetinde beýleki meseleler bilen bir hatarda, nusgawy türkmen edebiýatyndan, pars edebiýatyndan edebi eserler çap edilýärdi, medeniýet we halk döredijiligi baradaky işlere onuň sahypalarynda orun berilýärdi.

Näme üçin eýran häkimiýetleri birden, duýdansyz ýagdaýda, “Sähra” gazetiniň çap edilmegini gadagan etdi. Gazetde nähili meseleler gozgalýardy?

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran jogapkär işgäriň gürrüň bermegine görä, gazetiň esaslandyryjysy Abdul Rahman Düýeji atly türkmensähraly türkmendir. “Ol daşary ýurda gaçyp çykmagy başarypdyr” diýip, jogapkär işgär aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady türkmen neşiriniň sesiniň ýatyrylmagy barada, şeýle-de Eýranda we Owganystanda etniki türkmenleriň arasynda çap edilýän beýleki neşirler barada Dünýä Türkmenleri gepleşigine giňişleýin gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG