Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dünýäde bir günde koronawirus ýokaşan adamlaryň iň köp sany hasaba alyndy


COVID-19 testlerini geçirýän nokadyň belgisi, Melburne, Awstralia, 18-nji awgust, 2020.

Dünýäde koronawirus ýokaşan adamlaryň sany 6-njy sentýabrda 304 626 adamdan ybarat bolup, gündelik statistikany rekord derejede ýokarlandyrdy. Bu barada ýekşenbe güni ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersiteti habar berdi.

"Deuche Welle" media serişdesiniň belleýşi ýaly, öňki iň ýokary san 14-nji awgusta degişli bolup, şol gün COVID-19 ýokaşanlaryň sany 304 351 adama barabar bolupdy.

Şol bir wagtyň özünde, günde hasaba alnan ölümleriň sany iki esse azaldy. 14-nji awgustda koronawirus ýokaşan 10 135 näsag ölen bolsa, soňky 24 sagadyň dowamynda dünýäde 5637 adam ýogaldy.

Umuman, dünýäde 26 ýarym milliondan gowrak adamda koronawirus tapyldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary birinji ýerde, ondan soň Braziliýa we Hindistan durýar. Orsýet koronawirus ýokaşan adamlaryň sany boýunça dördünji ýerde bolup, ýurtda milliondan gowrak adam hasaba alyndy. Ölenleriň sany boýunça Orsýet 12-nji ýerde durýar. Orsýetde 17 820 adam ýogaldy.

Awgust aýynda Bütindünýä saglyk guramasynyň başlygy Tedros Gebreyesus adamzadyň koronawirus pandemiýasyny iki ýyldan azrak wagtyň içinde ýeňip biljekdigini aýtdy. Guramanyň müdiri, ýurtlar raýdaşlygy görkezip, agzybir bolsa, bu şertleriň has real boljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG