Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nawalnynyň iki tankytçysy Sibirde ýerli parlamentdäki orunlara eýe boldular


Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý, 19-njy awgust, 2020.

Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň iki ýarany deslapky netijelere görä, Sibiriň Tomsk şäherinde ýerli parlamentdäki orunlara eýe boldular.

14-nji sentýabrda ýaýradylan netijelerde häkimiýet başyndaky "Ýedinaýa Rossiýa" partiýasynyň tutuş ýurt boýunça dürli regionlardaky ýerli saýlawlarda köpçülikleýin ýeňiş gazanandygyny yglan edildi.

Ksenia Fadeýewanyň we Andreý Fateýewiň Tomsk şäheriniň iki saýlaw okrugynda öňe saýlanmagy geçen aýda Nawalnynyň birden kesellemeginiň yzýanyna gabat geldi. Germaniýanyň lukmanlary oppozision syýasatçynyň "Nowiçok" himiki toparyna degişli seýrek nerw agenti bilen zäherlenendigini aýdýarlar.

Bu aralykda, regiondaky saýlaw işgärleri tarapyndan 14-nji sentýabrda çap edilen ilkinji netijelere görä, dolandyryjy "Ýedinaýa Rossiýa" partiýasy Tomskda geçirilen ses berişlikde 24% -den gowrak ses alyp, birinji orunda durýar.

Resmi maglumata görä, Sibiriň başga bir şäherinde, Nowosibirskde Nawalnynyň ýerli toparynyň başlygy Sergeý Boýko 11-13-nji sentýabrda geçirilen ses berişlikde şäher geňeşinde bir orun gazanypdyr.

Saýlawlar köp orsýetliniň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi we hökümetiň koronowirus pandemiýasyna garşy alyp barýan çärelerinden nägileligi sebäpli prezident Wladimir Putini goldaýan dolandyryjy partiýa ilat arasynda islegsizligiň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Nawalnyý "Ýedinaýa Rossiýa" partiýasyna garşy çykmak boýunça "akylly" saýlaw strategiýasyny öňe sürdi we Sibirdäki şäher geňeşliklerine onlarça kandidat hödürledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG