Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka dowam edýän protestlerden soň Putiniň goldawyny gözlemek üçin Soçä bardy


Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka (sagda) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Sankt Peterburg, 3-nji aprel, 2017
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka (sagda) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Sankt Peterburg, 3-nji aprel, 2017

Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Soçi şäherine bardy.

Bu duşuşyk geçen aýda Belarusda bolan jedelli saýlawlardan soň Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edip geçirilýän demonstrasiýalar başlanaly bäri iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerdir.

Lukaşenka “uly doganym” diýip atlandyran Putin bilen sentýabrda möhüm gepleşik geçirjegini aýdypdy. Belarusyň prezidenti halkyň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolan döwründe özüniň abraýdan gaçmaýandygyny görkezmäge çalyşýar.

Putiniň metbugat gullugy gepleşiklerde esasy ünsüň "Orsýet-Belarus strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmegiň esasy meselelerine" gönükdiriljekdigini, şeýle-de "bilelikdäki iri proýektleriň durmuşa geçirilmegine, şol sanda söwda, ykdysadyýet, energiýa, medeni we gumanitar ugurlara" hem-de "Bileleşik döwletiniň içindäki integrasiýa itergi bermek" ugurlaryna aýratyn serediljekdigini habar berdi.

Belarusda 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenka 9-njy awgustda geçirilen saýlawda ýeňiji diýlip yglan edileli bäri günde demonstrasiýa geçirilýär.

Protestçilere görkezilýän rehimsiz basyşlar, müňlerçe adamyň polisiýa tarapyndan tussag edilmegi we urlup ýenjilmegi ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýazgaryldy.

XS
SM
MD
LG