Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon kanunçykaryjylary Sugany ýurduň täze premýer-ministri wezipesine tassyklady


Ýoşihido Suga
Ýoşihido Suga

Ýaponiýanyň kanunçykaryjylary Şinzo Abe işinden çekilenden soň, Ýoşihido Sugany ýurduň täze premýer-ministri wezipesine tassykladylar.

Suga 16-njy sentýabrda özüniň konserwatiw Liberal demokratik partiýasynyň (LDP) ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy koalisiýa tarapyndan kontrollyk edilýän parlamentiň iki palatasynda-da sesleri ýeňdi.

Suga we onuň täze kabineti 16-njy sentýabrda “Imperator köşgünde” imperator Naruhitonyň öňünde kasam kabul eder.

Geçen aý saglyk meselelerine salgylanyp, işinden çekilýändigini mälim eden Abeniň ýakyn ýarany Suga ozalky administrasiýanyň gün tertibiniň köpüsini, şol sanda ykdysady özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirjekdigini wada berdi.

71 ýaşly weteran syýasatçy Ýaponiýa, beýleki ýurtlar ýaly, koronawirus pandemiýasy bilen göreşýän mahaly bu wezipä geçýär.

XS
SM
MD
LG