Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazadan Ysraýyla raketa atyldy, Ysraýyl Palestinadaky nyşanalary bombalady


Ysraýylyň harbylary 16-njy sentýabrda irden Gaza takmynan 10 howa zarbasyny amala aşyrandyklaryny we “Hamas” söweşiji topar tarapyndan dolandyrylýan sebitden Ysraýylyň serhet ýakasyndaky territoriýalaryna 15 raketanyň atylandygyny aýtdy.

Gaza zolagyndaky söweşijiler Ysraýyla raketa atdy we Ysraýylyň uçarlary Palestinanyň territoriýasyndaky nyşanalary bombalady. Bu waka Ysraýyl bilen pars aýlagyndaky iki arap döwletiniň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin möhüm şertnamalaryň gol çekilen mahalyna gabat geldi.

Ysraýylyň harbylary 16-njy sentýabrda irden Gaza takmynan 10 howa zarbasyny amala aşyrandyklaryny we “Hamas” söweşiji topar tarapyndan dolandyrylýan sebitden Ysraýylyň serhet ýakasyndaky territoriýalaryna 15 raketanyň atylandygyny aýtdy.

15-nji sentýabrda Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin Ak tamda diplomatik şertnama gol goýan mahaly, Gazadan Ysraýylyň kenarýakasyndaky Aşdod şäherine raketa atlydy we munuň netijesinde iki adam ýaralandy.

“Palestinaly terrorçylaryň bu taryhy dabara döwründe Ysraýyla [raketa] atandygyna geň galmaýaryn” diýip, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Waşingtondan gaýdyp barýarka aýtdy.

16-njy sentýabrda “Hamas” topary “halkymyza ýa-da garşylyk görkezýän ýerlere garşy edilen islendik agressiýa jogap berer we oňa gös-göni gaýtawul berler” diýip, Ysraýyla duýduryş berdi.

Basylyp alnan Günbatar kenarda we Gazada garaşsyz döwlet döretmäge çalyşýan palestinalylar ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Waşingtonda gol çekilen şertnamalara öz işlerine dönüklik hökmünde garaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG