Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlardan soňky protestler dowam edýän mahaly, Lukaşenka Günbatary Belarusy “ýykmaga” synanyşmakda aýyplady


Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka

Belarus lideri Alýaksandr Lukaşenka Günbatary geçen aý geçirilen saýlawlaryň netijelerine ähmiýet bermän, oňa derek, tas üç onýyllygyň dowamynda ýurdy dolandyran awtoritar liderden häkimiýeti almak üçin rewolýusiýa gurnamaga synanyşyp, “ýurdy ýykmaga” çalyşmakda aýyplady.

Lukaşenka 16-njy sentýabrda ýokary derejeli resmileriň we döwlet media serişdeleriniň öňünde eden çykyşynda özüniň 9-njy awgustda alan ýeňşine garşy geçirilýän häzirki protestleriň Birleşen Ştatlary tarapyndan hem-de onuň Polşa, Litwa, Çehiýa we “gynansak-da, biziň özygtyýarlylygymyzy we hatda territorial bitewiligimizi bozmak maksady bilen” “reňkli rewolýusiýa” gurnamaga synanyşan Ukraina ýaly ýaranlary tarapyndan guramalaşdyrylýandygyny aýtdy.

“Biz olaryň planlarynyň amala aşmagyna ýol bermedik we ýol bermeris” diýip, Lukaşenka aýtdy.

Lukaşenka sesleriň 80 prosentini beren saýlaw netijelerine garşy geçirilýän demonstrasiýalarda müňlerçe adam polisiýa tarapyndan saklandy we urlup ýenjildi, oppozisiýanyň tas ähli esasy liderleri ýa ýurdy terk etmäge mejbur edildi ýa-da tussag edildi.

Oppozisiýa liderleri awtoritar lideri saýlaw netijelerini galplaşdyrmakda aýyplaýar, ol ony ret edýär. Onuň saýlawlardaky esasy bäsdeşi Swýatlana Tihanowskaýa Lukaşenkanyň sözlerini sesleriň galplaşdyrylmagyndan hem-de protestçileriň zorlukly basylyp ýatyrylmagyndan köpçüligiň ünsüni sowmak synanyşygy hökmünde ret etdi.

XS
SM
MD
LG